Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti: “Aşgabatda dünýä çempionatyny geçirmek üçin ajaýyp welodrom bar”

0
618
1
0

Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Braýan Kukson Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky pikiri goldady — diýip, www.sports.ru saýty Inside The Gamese salgylanyp habar berýär.

“Aşgabatda ajaýyp welodrom, ägirt uly desga guruldy. Ol ýerde halkara ýaryşlaryny geçirmäge bizde örän oňat mümkinçilik bar. Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky pikiriň bardygyny bilýän.biziň ony durmuşa geçirmäge ýagdaýymyz bar.

Megerem, ol ýerde ilki kiçiräk ýaryşlary, mysal üçin, şu ýyl Gazagystanda edişimiz ýaly, ýetginjekleriň arasynda bäsleşikleri geçirmek gerekdir.

Welosport boýunça dünýä çempionatlaryny diňe bir Ýewropada däl, eýsem, ähli yklymlarda hem geçirmeli. Dünýäniň ähli künjeginde ýaryşlary kabul etmäge isleg bildirýän ýerler az däl, biz muny göz öňünde tutmalydyrys” — diýip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Braýan Kukson aýtdy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru