Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan gazak tarapyna resmi taýdan närazylyk bildirdi

23:0215.10.2015
0
6090

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki metbugat üçin maslahatynyň barşynda gazak tarapynyň aýdanlaryna Türkmenistanyň närazylyk bildirendigi bilen baglanyşykly habar ýaýrady. Aşakda habaryň teswiri getirilýär.

HABARNAMA

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin

2015-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Astana şäherinde Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki metbugat üçin maslahatynyň barşynda gazak tarapy Merkezi Aziýada howpsuzlyk ýagdaýy baradaky meselä degip geçmek bilen, hamala Türkmenistanyň serhetinde bolup geçen hadysalar barada beýanat etdi.

Türkmen tarapy gazak tarapynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki ýagdaý baradaky hakykata laýyk gelmeýän beýanatlary bilen baglanyşykly diýseň ynjalyksyzlyk we düşünmezlik bildirýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň bu mesele boýunça resmi garaýşyny öň metbugat üsti bilen bolşy ýaly, dürli sebit we halkara giňişliginde hem yzygiderli beýan edendigini aýtmagy möhüm hasaplaýarys.

Ýokarda beýan edilenleri nazara alyp, türkmen tarapy närazylyk bildirýär we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen doganlyk gatnaşyklaryny göz öňünde tutup, mundan beýläk gazak tarapynyň Türkmenistan bilen baglanyşykly ýagdaýa baha berende has dogruçyl habarlara salgylanjakdygyna ynam bildirýär

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy, Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 15-nji oktýabry

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň