2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabadyň awtoýollaryny abatlamagyň taslamasyny doly tamamlamak bellenildi

22:2615.10.2015
0
5266

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyny baýram etmegiň we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda şu ýylyň başynda badalga alan türkmen paýtagtynda awtoýollary abatlamagyň taslamasyny amala aşyrmak dowam etdirilýär.

Eýýäm şäher ýollarynyň ikisiniň — G.Kulyýew (A.Nyýazow şaýolundan Andalyp köçesine çenli) we Ata Türk (Çandybil we Köpetdag şaýollarynyň aralygy) köçeleriniň böleklerinde abatlaýyş işleri tamamlandy. Ýol gatlagy çalşyldy, täze beýik yşyklandyryş sütünleri oturdyldy, ýollaryň gyraýanlaryna granit daşlary goýuldy, awtobus duralgalary täzelendi, ýanýodalar özgeren keşbe getirildi. Ulag ýollary goşmaça sag tarapa öwrüm etmäge mümkinçilik berýän goşmaça geçelgeleriň hasabyna giňeldildi. Olar ol ýa bu ýeriň ýollarynyň ýagdaýyna görä 3,5 metrden 7 metre çenli giňlikdedir. Zerurlyk ýagdaýy göz öňünde tutulyp, ýerasty kommunikasiýalar: gaz, suw we lagym geçirijiler çalşyrylýar ýa-da abatlanylýar.

Paýtagtyň umumy dowamlylygy 30 kilometrden ýokary bolan sekiz ýolunyň böleklerinde abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Olaryň arasynda Ýunus Emre, Görogly, 10 ýyl Abadançylyk, A.Nowaýy, Gypjak, B.Annanow Galkynyş, A.Garlyýew we beýleki köçeler bar. Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda bu köçeleri abatlamak işlerini şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak bellenilýär. S.Myradow köçesinde hem gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Täze ýylda şäher awtoýollarynyň ýene sekizisiniň bölekleýin durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda Hoja Ahmet Ýasawy, Aga Berdiýew, Ostrowskiý köçeleri, şeýle hem Bitarap türkmenistan, S. Türkmenbaşy şaýollary we beýlekiler bar.

Umuman, taslamada paýtagtyň umumy dowamlylygy 60 kilometre barabar ýollarynda bölekleýin abatlaýyş işlerini geçirmek bellenilýär. Şu ýyl ýollaryň 35 kilometrini, indiki ýylda bolsa ýene 25 kilometrini abatlamak göz öňünde tutulýar. Paýtagtyň awtoýollaryny abatlamagyň taslamasyny dolulygyna 2016-njy ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň