Soňky habarlar

Arhiw

Gari Jon Uaýt: “Türkmenistanyň we Guamyň toparçadan çykmaga deň mümkinçiligi bar”

15:5715.10.2015
0
2692

Guamyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, 41 ýaşly iňlis hünärmeni Gari Jon Uaýt Dünýä çempionaty — 2018-iň Türkmenistana garşy geçiren saýlama duşuşygynda öz toparynyň ýeňlenine (0:1) lapykeç bolan-da bolsa, öz oýunçylarynyň meýdandaky hereketlerinden hoşaldygyny mälim etdi.

—Men Türkmenistanyň toparyny ýeňiş bilen gutlaýaryn — diýip, G.Uaýt oýundan soňky metbugat maslahatynda aýtdy. — Bu iki güýji deň garşydaşlaryň oýny boldy. Her topar, aýratyn-da, duşuşygyň ahyrynda, haçan-da, iki toparyň derwezesiniň alkymynda hem amatly pursatlar dörände ýeňiş gazanyp biljekdi. Elbetde, biz ýeňlişden diýseň lapykeç, ýöne men öz oýunçylarymdan hoşal. Olar meýdanda pas oýnadylar, pikirlenmäni başardylar, ýerbe-ýer hereket etdiler.

—Türkmenistana garşy duşuşykda oýunçylaryňyzyň nähili oýnamak tabşyryldy?

—Türkmen futbolçylarynyň köplenç uzak aralykdan ýokardan pökgi geçirýändiklerine garamazdan, esasy tabşyryk pas oýnamakdan ybarat boldy.

Oýnuň barşynda iki oýunçylarymyzyň şikes alandygy sebäpli biz oýun ýörediş usulymyzy üýtgetmeli bolduk. Dogry düşünmegiňizi haýyş edýärin: Guam — diýseň kiçijik ýurt we biz ilkinji gezek 20 müň janköýerli stadionda oýnamaly bolduk. Bu biziň üçin, aýratyn-da, oýunçylarymyz üçin garaşylmadyk zat boldy. Sizi ynandyrasym gelýär: Guamyň futbol ýygyndysynyň oňat gelejegi bar.

—Guamyň futbolçylarynyň ikinji ýarymyň 15 minutyny örän janly geçirendigini, hatda pökgi geçirmek üçin amatly pursatlary-da döredendiklerini, soňra bolsa meýdanda özlerini gowuşgynsyz alyp barandyklaryny näme bilen düşündirip bolar ? Olar ýadadylarmy?

—Hawa, biz oýnuň ahyrynda ýadadyk. Ýöne Türkmenistanyň topary hem şeýle ahwaldady. Biz demimizi dürsemek üçin jemleýji jürlewük sesine garaşdyk. Eger oýnuň esasy wagtyna ýene 10 minut dagy goşulan bolsa, onda toparlaryň haýsy-da bolsa biri hökman pökgi geçirerdi.

—Dünýä çempionatynyň şu saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň we Guamyň toparlarynyň mümkinçilikleri barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

—“D” toparçasynda heniz hiç zat belli däl. Türkmenistan Guama geldi we 0:1 ýeňildi. Biz Türkmenistana geldik we 0:1 utuldyk. Häzir Türkmenistanyň we Guamyň ýygyndylarynyň 7 utugy bar. Bu toparlaryň ikisi-de toparçada ikinji orny eýeläp biler. Elbetde, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga degişlilikde 11 we 8 utuk toplan Omanyň hem Eýranyň mümkinçiligi ýokary. Ýöne öňde üç wajyp oýun bar, olar toparlary ýerli-ýerinde goýsalar gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň