Soňky habarlar

Arhiw

“Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

11:2615.10.2015
0
3945

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň üç aýdan bir gezek çykýan “Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edilýär.

Žurnalyň täze sanynda döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy hem ýerleşdirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda degişli ugurda hereketleriň anyk we giňişleýin maksatnamasyny kesgitledi.

Okyjylara hödürlenilýän mowzuklaýyn makalalaryň hatarynda milli hukuk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hakyndaky makalany bellemek gerek. Onuň awtory Adalat ministrliginiň we onuň düzümine girýän edaralaryň Türkmenistanyň Esasy Kanunyny we milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça wezipelerine aýratyn üns berýär.

Makalalaryň biri türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolan medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanýar, onda hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän iri medeni çärelere syn berilýär.

Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan, döwrebap hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen konstitusion özgertmäniň möhümligi we ähmiýeti barada “Konstitusiýa we milli gymmatlyklar” hem-de “Türkmenistanyň kanunçylygynda raýatyň we adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kazyýet tarapyndan goralyşy” atly makalalarda gürrüň berilýär. Olarda bellenilişi ýaly, netijeli kanunçylyk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralar ulgamy, degişli jemgyýetçilik guramalarynyň hereket etmegi şahsyýetiň kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak maksatlaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär.

Şeýle hem okyjylara ylmy-tehniki ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň berýän makala hödürlenýär. Neşirde ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri — Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugruna bagyşlanan makala hem bar. Çagalar we ýaşlar hakyndaky alada hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly makala şu meselä bagyşlandy.

Neşiriň nobatdaky sanynda çap edilen makalalaryň hatarynda “Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary: kanunçylyk we iş tejribesi” atly makalany hem görkezmek gerek. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň şu sany “Senenama” bölümi bilen jemlenýär. Onda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar barada gürrüň berilýär, şeýle hem türkmen hünärmenleriniň hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen dürli ýurtlara amala aşyran iş saparlaryna gysgaça syn berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň