Italiýanyň HPQ kwarteti dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyna giren iň gowy eserleri ýerine ýetirdi

0
684
0
0

Italiýanyň HPQ kwarteti (dörtlügi) Türkmen milli konserwatoriýasynda bu okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin ussatlyk sapagyny berdiler.

Italiýaly sazandalaryň ýerine ýetirmeginde diňe bir Italiýanyň günortasynda däl, eýsem, bütin dünýäde meşhur bolan “Trantella” mandolinanyň ýakymly, özüneçekiji owazy astynda tans sazynyň inçe öwrümlerini diňleýjilere ýetirdi.

Şeýle hem dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyna girizilen Antonio Wiwaldiniň “Sol mažer konserti”, Wolfgang Amadeý Mosartyň “Don Žuan” operasyndan “Serenadasy”, Juzeppe Werdiniň “Rigolettasy”, “Durmuş ajaýyp” we “Aý” kinofilmlerine döredilen sazlar ýaly iň gowy eserlerden parçalar gyzgyn garşylandy.

HPQ kwarteti 2008-nji ýyldan mandolina maýyl bolan sazandalardan döredildi. Olar gadymy halk saz guralynyň meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen ýer ýüzüne aýlanyp çykdylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru