Soňky habarlar

Arhiw

Omanyň futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşygynda Hindistany ýeňip, Aziýanyň “D” toparçasynda öňdäki orna geçdiler

18:1214.10.2015
0
2964

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyrynyň Maskatda geçirilen duşuşygynda Omanyň ýygyndysynyň futbolçylary Hindistanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, Aziýanyň “D” toparçasynda öňdäki orna geçdiler. Gollaryň üçüsi hem ikinji ýarymda geçirildi. 55 minutda Ahmed Mubarak hasaby açdy. Ondan soňra, ikinji ýarymda meýdança çykan Abdul Aziz Al-Makbali iki gezek tapawutlandy (67-nji we 84-nji minutlar).

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyrynda bu ýygyndylar ikinji gezek duşuşdylar. Birinji duşuşyk 11-nji iýunda Bangalorda geçirilip, omanlylaryň ýeňşi bilen tamamlanypdy – 2:1.

Toparlaryň ikisini hem daşary ýurtly tälimçiler türgenleşdirýärler. FIFA-nyň reýtinginde 102-nji orny eýeleýän Omanyň ýygyndysyna eýýäm dört ýyldan bäri, “Renn”, “Olimpik Lion”, “Pari Sen-Žermen” we Kamerunyň milli ýygyndysynda işläp, meşhurlyk gazanan 41 ýaşly fransiýaly tälimçi Pol Le Guen ýolbaşçylyk edýär. FIFA-nyň reýtinginde 167-nji orunda durýan Hindistanyň ýygyndysyny bolsa 7 aý bäri angliýaly tälimçi Stefan Konstantin türgenleşdirýär. 53 ýaşly hünärmen ozal  Ruanda, Malawi, Sudan, Nepal ýaly futbolyň o diýen ösmedik ýurtlarynyň ýygyndylarynda işläpdi.

Maskatdaky şowsuzlyk Hindistanyň futbolçylary üçin dünýä çempionatynyň häzirki dowam edýän saýlama tapgyrynda eýýäm bäşinji ýeňliş boldy. Omanyň ýygyndysy bolsa bu ýeňişdan soň 11 utuk toplady we “D” toparçada ikinji orny eýeleýän Eýranyň ýygyndysynyň öňüne geçdi. Emma eýranlylaryň bir oýun az oýnandygyny bellemek gerek.

Bu toparçanyň nobatdaky duşuşyklary 12-nji noýabrda geçiriler. Şol gün Hindistan bilen Guam, Eýran bilen Türkmenistan duşuşar.
 
Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.
 
Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama ýaryşy. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

13-nji oktýabr. Maskat. "Sultan kabus" sportkompleks.  11 000 tomaşaçy. 33 gradus С.

Oman – Hindistan – 3:0 (0:0)

Pökgüleri geçirenler: Ahmet Mubarak, 55 (1:0). Abdul Aziz Al-Makbali, 67 (2:0). Abdul Aziz Al-Makbali, 84 (3:0).

Oman: Ali Al Habsi (k), Mohammed Al-Musalami, Mohammed Al-Baluşi, Raed Saleh (Saud Al-Farsi, 86), Eid Al-Farsi, Kasim Said (Mohsin Al-Haldi, 75), Saad Al Muhaini, Ahmed Mubarak, Abdul Sallam Al Muhaini, Ali Sulaiman Al Busaidi, Imad Al Hosni (Abdul Aziz Al-Makbali, 46).

Baş tälimçi: Pol Le Guen.

Hindistan: Gurprit Singh Sandhu, Arnab Kumar Mondal, Danseş, Bikaş Jairu, Kewin Piter Lobo (Robin Singh, 70), Rino (Aýborlang Hongju, 80), Naraýan Das, Fransisko Fernandes, Rowllin (Sehnaj Singh, 46), Sunil Çetri, Lalpehlua Jeje.

Baş tälimçi: Stefen Konstantin.

Duýduryş alanlar: Abdul Sallam Al Muhaini 40 – Rino 4.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Abdul Aziz Al-Makbali (Oman).

Emin: Fahad Jaber Al Marri (Katar).

Gapdal eminler: Juma Mohammed Al-Burşaid (Katar), Abass Golum (Kuweýt).

Ätiýaçdaky emin: Ýakub Ýusuf Kasem Hasan Al-Hammadi (BAE).

Duşuşygyň komissary: Lii Sang Wun (Koreýa Respublikasy).

"D" toparçasynda ýygyndylaryň ýerleşiş tertibi

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň