Aşgabat bilen Astrahanyň arasynda howa gatnawy, Olýa bilen Türkmenbaşynyň arasynda bolsa gämi gatnawy ýola goýlar

0
1178
7
0

Astrahan bilen Aşgabadyň arasynda täze howa gatnawy ýola goýlar. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin Astrahanyň döwlet uniwersitetinde türkmen talyplary bilen bolan duşuşykda aýtdy.

Häzirki wagtda Astrahanda türkmenistanly talyplaryň 600-e golaýy bilim alýar. Gubernator Aleksandr Žilkiniň pikirine görä, munuň özi Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine güwä geçýär.

Bu ugurdaky gatnaşyklar 2007-nji ýylda başlandy. Bu günki gün diňe Astrahanyň döwlet uniwersitetinde türkmen talyplarynyň 260-sy okaýar. Şeýle hem türkmenistanly talyplar tehniki we lukmançylyk uniwersitetlerinde, Wolga-Hazar deňiz-derýa ulaglary institutynda we Astrahanyň döwlet konserwatoriýasynda bilim alýarlar. ADU-nyň binýadynda Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryny birleşdirýän ildeşler topary döredildi.

Gubernator bilen türkmen talyplarynyň duşuşygynyň barşynda oglan-gyzlary, aýratyn-da, Astrahan bilen Aşgabadyň arasyndaky ulag gatnawynyň ýola goýulmagyna degişli meseleler gyzyklandyrdy. Çünki olar häzirlikçe Moskwanyň ýa-da Gazagystanyň üsti bilen öýlerine aşmaly bolýarlar.

Aleksandr Žilkin Türkmenistan bilen goşmaça ulag gatnawlaryny ýola goýmaga öňde durýan esasy wezipeleriň biridigini aýtdy. Gämi gatnawynyň we göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy muňa ýardam eder. Gubernatoryň sözlerine görä, şeýle gatnawlar indiki ýyl ýola goýlar. Hususan-da, Astrahan — Aşgabat howa gatnawyny, şeýle hem Olýa bilen Türkmenbaşynyň aralygynda gämi gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru