Türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşygynda Guamdan üstün çykdylar

0
1445
29
0

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary şu gün Dünýä çempionaty — 2018-iň “D” toparçasynda geçirilen saýlama duşuşykda Guamdan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Aşgabadyň “Köpetdag” stadionynda 20 200 tomaşaçy ýygnan oýunda ýeňiş pökgüsini Guwanç Abylow geçirdi.

FIFA-nyň reýtinginde 150-nji orny eýeleýän, 2012-nji ýyldan bäri 41 ýaşly iňlis hünärmeni Gari Ionuň ýolbaşçylygynda çykyş edýän Guamyň ýygyndysy şu saýlama ýaryşynda öz meýdanynda Türkmenistany 1:0, Hindistany 2:1, ýeňip, Oman bilen 0:0 oýnap, futbol hünärmenlerini geň galdyrdy.

Ýaryşyň başyndaky ýeňliş üçin haklaşmak isleýän Türkmenistanyň futbolçylary duşuşygyň başyndan oýny öz ellerine aldylar we 16-njy minutda hasaby açdylar. Özbegistanyň “Nasafynda” çykyş edýän Artur Geworkýan orta gürpde pökgini eýeläp, goragçylaryň arasyndan dürs pas bilen çep gyradan özbekleriň “Almalygynyň” ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowy öňe çykardy. Ol bolsa pökgini jerime meýdançasyna gönükdirdi, oňa ilkinji bolup ýetişen Guwanç Abylow hasaby açdy — 1:0. Toparlar şeýle hasapda arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda myhmanlar hasaby deňlemek üçin öňe okdurylsalar-da, hasaby deňlemek olara başartmady. Tersine, 61-nji minutdan soň ýer eýelerine hasaby artdyrmaga birnäçe mümkinçilik boldy. Ýöne Arslanmyrat Amanow, Süleýman Muhadow, Guwanç Abylow we ikinji ýarymda oýna giren Altymyrat Annadurdyýew olardan ýerlikli peýdalanyp bilmediler.

Netijede türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşynda bassyr ikinji ýeňşini gazanyp, 7 utuk toplady. Munuň özi ildeşlerimize “D” toparçasynda 3-nji orna geçmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary indiki duşuşygyny 12-nji noýabrda Tähranda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy toparynyň Eýranyň garşysyna geçirer. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 16-njy iýunda Daşoguzda geçirilip, ol 1:1 hasabynda tamamlanypdy.        

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama ýaryşy. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

13-nji oktýabr. Aşgabat. "Köpetdag" stadiony.  20 200 tomaşaçy. 21 gradus С.

Türkmenistan – Guam – 1:0 (1:0)

Pökgini geçiren: Guwanç Abylow, 16 (1:0:).

Türkmenistan: Mämmet Orazmuhammedow, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Bagtyýar Hojaahmedow, Serdar Annaorazow, Ahmet Ataýew (k), Umytjan Astanow, Guwanç Abylow (Didar Durdyýew, 90+2), Arslanmyrat Amanow, Artur Geworkýan (Serdaraly Ataýew, 85), Süleýman Muhadow (Altymyrat Annadurdyýew, 75).

Baş tälimçi: Amangylyç Koçumow.

Guam: Duglas Herrik, Aleksander Frensis (Dilan Haputi 64), Jonahan Romero (Trewis Niklou 46), Mason Duglas, Jon Matkin, Jastin Dawid (Markus Lopes 72), Jenson Kanliff (k), Rýan Gaý, Brendon Markui, Şon Niklou, Şeýn Andre Malsolm.

Baş tälimçi: Gari Jon Uaýt.

Duýduryş alanlar: Serdar Annaorazow 45+1, Mekan Saparow 53 – Şeýn Andre Malsolm 51, Mason Duglas 58, Aleksander Frensis 62, Trewis Niklou 90+3.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Guwanç Abylow (Türkmenistan).

Emin: Turki Mohamed Al-Hudhaýr (Saud Arabystany).

Gapdal eminler: Fahad Awaýed Al-Umri, Mohamed Maki Al-Abakry (Saud Arabystany).

Ätiýaçdaky emin: Mohammed Hled Al-Hoiş (Saud Arabystany).

Eminleriň inspektory: Wiktor Kolpakow (Gyrgyz Respublikasy).

Duşuşygyň komissary: Dawid Dwaýt Penano (Filippinler).

 

«D» toparçasynda ýygyndylaryň ýerleşiş tertibi

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru