Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

09:0113.10.2015
0
3824

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna we başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeleri, olaryň öz wagtynda gurulmagy hem-de şanly seneler mynasybetli açylyş dabarasynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we beýik türkmen şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan muzeýiň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime tabşyryk berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň häzirki wagtda ýerine ýetirilen möçberleri barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça degişli düzümleriň işlerini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň, umuman, welaýatda oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesiniň döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklere gabat gelmeýändigini belledi. Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi babatda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigine garamazdan, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň pesdigini, kemçilikleriň goýberilýändiginiň we serişdeleriň netijeli peýdalanylmaýandygynyň subutnamasydygyny nygtady. Hususan-da, welaýatyň Atamyrat, Sakar we Döwletli etraplarynda bugdaý ekişiniň depgini bellenilen meýilnamadan yza galýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda Aşgabady ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milletiň Lideri paýtagtymyzda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belläp, bu ugurda degişli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk çäreleri barada aýtmak bilen, onuň çäklerinde gyzykly medeni çäreleriň guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň