Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan sözleri girizilen “Watan goragy mukaddesdir” atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy

23:1711.10.2015
0
27128

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler merkezi öýünde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda, Hazar deňiz serhet birikmesinde we Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözleri girizilen “Watan goragy mukaddesdir” atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy.

Tanyşdyryş dabaralaryna harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary we mugallymlary, harby mekdebiň okuwçylary, şeýle hem tanymal şahyrlar, medeniýet işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Aýdym-sazly we edebi kompozisiýalar onuň joşgunyny has hem belende göterdi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň gününe gabatlanyp neşir edilen bu kitabyň ýaş harby gullukçylary taýýarlamakda, olaryň syýasy düşünjesini ýokarlandyrmakda, raýatlyk işjeňligini pugtalandyrmakda we söweşjeň ruhuny berkitmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Kitapda milletiň Lideriniň baýramçylyk ýüzlenmelerinden, gutlaglaryndan bölekler, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň dürli çykyşlaryndan, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde sözlän sözlerinden jümleler, söhbetdeşliklerden we beýleki resmi çeşmelerden bölekler getirilipdir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdanlarynyň mysalynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek, milli goşunymyz üçin hünärmenleri taýýarlamak we onuň maddy-üpjünçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak ýaly döwlet syýasatynyň möhüm ugrunyň mazmuny açylyp görkezilýär.

Täze neşir milletiň Lideriniň özgertmeler başlangyçlarynyň, ösüşe we ynsanperwerlige ýugrulan syýasatynyň çuňňurlygyny şöhlelendirýän möhüm çeşme bolup durýar.

Dabara gatnaşyjylar, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylyk we ynsanperwerlik başlangyçlaryna esaslanan çuň manyly syýasaty üçin hoşallyk bildirip, özleriniň Watany, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny, ýurdumyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny we asudalygyny goramakda polat galkan ýaly bolup, harby kasama laýyklykda, mukaddes borçlaryny wepalylyk bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň