Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde geçirilen halkara teatr forumy öz işini tamamlady

22:5611.10.2015
0
2815

10-njy oktýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Halkara türki medeni guramasyna (TÜRKSOÝ)  agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy.

Döredijilik forumy “Mary—2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty”  maksatnamasynyň çäreleriniň çäklerinde geçirilip, umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ýörelgeler bolsa forumda öz beýanyny tapdy.

Maslahatyň işiniň hem-de onuň çäklerinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň barşynda türki halklaryň teatr sungatynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, milli dilleri hem-de medeniýetleri aýawly saklamakda, taryhy-medeni mirasy geljekki nesillere geçirmekde onuň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara festiwallaryň we forumlaryň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki döredijilik taslamalaryny döretmek, dünýäniň tomaşaçylaryny baý türki medeniýet bilen tanyşdyrmak, tejribe alyşmak we beýleki meseleler teatr sungatynyň wekilleriniň üns merkezinde boldy. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda medeniýeti we onuň aýrylmaz bölegi bolan teatr sungatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine döredijilik tagallalaryny  mundan beýläk-de birleşdirmekde forumyň ähmiýetini nygtadylar.

Maslahata gatnaşan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda teatr toparlarynyň halkara festiwallarynyň we beýleki forumlarynyň meýdançalarynda amala aşyrylýan  döredijilik gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsinde teatry ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeni alyşmalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, teatr ulgamynda baý türki medeniýeti ösdürmäge goldaw bermekde häzir bar bolan taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de täze taslamalary döretmegiň zerurdygy nygtaldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň