Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigi yglan edildi

22:5211.10.2015
0
6756

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň mukaddes  Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly  baýramyny mynasyp garşylamagy, şeýle hem ýurtda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, žurnalistikasyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny  saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmegi maksat edinýän Kararda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda aýdylýar. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşigiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy boýunça netijeleri şu ýylyň 11-nji sentýabrynda jemlenipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň