Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million dollaryndan gowrak boldy

0
1471
1
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt pulunda Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, bugdaý uny, arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň toşaby, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Serbiýa, Owganystan, Ukraina, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 7 million 90 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru