Aşgabadyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy

0
737
1
0

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi öz işine başlady. Köpugurly sergi paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň meýdançalarynda ýerleşip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, onuň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýolunda täze üstünlikleriň, häzirki türkmen döwletiniň ösüşiniň geljegi uly ugurlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Däp bolan foruma gatnaşyjylaryň düzümi ýylsaýyn giňelýär, olar ykdysady we maliýe-bank, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna, şeýle hem hususy işewürligiň kärhanalaryna wekilçilik edýärler. Şu sergide gatnaşyjylaryň 120-den gowragy, şol sanda firmalaryň we kompaniýalaryň 60-a golaýy, hususy telekeçiligiň wekilleri özleriniň mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we hödürleýän hyzmatlarynyň köpdürliligini görkezýärler.

Sergi köşgünde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan deňsiz-taýsyz işler, milli maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreler barada gürrüň berýän pudaklaýyn ekspozisiýalar ýerleşdirildi.

Bezelen, ýöriteleşdirilen pawilýonlaryň onlarçasy serginiň myhmanlaryny ýurdumyzyň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk, söwda we gurluşyk ulgamlarynda, senagat, obasenagat toplumy we oba hojalygy, medeni we ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, neşirýat ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri, şeýle hem paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň durmuş-ykdysady ösüşi babatda ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň ygtyýarynda öňdebaryjy tehnologiýalar we beýleki serişdeler bar. Munuň özi gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezmäge, täze meýilnamalar hem-de döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeler barada giňişleýin gürrüň bermäge mümkinçilik berýär.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň pawilýonlarynda ýörite kartalaryň we pannolaryň kömegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň ösüşiniň depgini görkezilýär. Şol maglumatlar çalt ösýän düzümler, nebitiň we gazyň özleşdirilen we täze özleşdirilýän ýataklarynyň möçberi, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň ugurlary, beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň hem-de minerallaryň gorlary, şeýle hem ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça müňlerçe kilometre çekilen elektrik geçiriji ulgamlar barada gürrüň berýär.

Gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, energiýa we suw üpjünçilik ulgamlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak, durmuş himiýasynyň, dokma we mebel önümleriniň, azyk önümleriniň önümçiligi, şeýle hem halyçylyk we özboluşly amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda ýurdumyzyň bazarlaryny özleşdiren hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary serginiň üstüni ýetirdi.

Ýurdumyzyň bal öndürijileriniň önümleriniň görnüşleriniň artmagy begendirýär. Şu ýyl ýurdumyzda balçylyk hakyndaky kanunçylyk resminamasynyň kabul edilmegi netijesinde azyk senagatynyň bu ugry täze ösüşe eýe boldy. Sergide Daşoguz we Mary welaýatlarynyň önüm öndürijileriniň öndüren jana şypaly ary balynyň köp görnüşleri görkezilýär.

Serginiň çäklerinde “Türkmenperi” toý we gözellik salonynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan toý lybaslarynyň görkezilişi bu çäräniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru