Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandylar

12:3710.10.2015
0
8103

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary öz meýdanynda Hindistanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňmek bilen, Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandylar.

Bu garşydaşlaryň dürli ýaryşlardaky özara duşuşyklarynyň taryhynda altynjy oýun boldy. Häzire çenli her topar iki ýeňiş gazanyp, bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Pökgi tapawudyny alanymyzda 8:7, Hindistanyň peýdasyna.

Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndylary ilkinji gezek Bangkokda 13-nji, soňra bolsa Pusanda 14-nji Aziýa oýunlarynda duşuşdylar. 1998-nji ýylda Tailandyň paýtagtynda türkmenistanlylar üstün çykdylar — 3:2. Dört ýyldan soň Koreýada hindistanlylar ýeňildiler — 3:1. Soňra AFK-nyň Çagyryş ugrundaky ýaryşda üç duşuşyk geçirildi. 2008-nji ýylda Haýdarabatda (Hindistan) üstünlik ýer eýeleriniň tarapynda boldy — 2:1. 2010-njy ýylda Kolomboda (Şri-Lanka) türkmen futbolçylary ýeňdiler — 1:0. 2011-nji ýylda Kuala-Lumpurda bolsa (Malaýziýa) deňlik hasaba alyndy — 1:1. Ine, indi bolsa dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda bije bu iki ýygyndyny ilkinji gezek bir toparça düşürdi.

Bu abatlaýyş işleri geçirilenden soň, täzeden açylan “Köpetdag” stadionynda geçirilen ilkinji halkara duşuşygy bolup, oýna 20 müňden gowrak janköýer tomaşa etdi.    

Birbada iki ýaryşyň — Dünýä çempionaty — 2018-iň we Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama bölegi bolup duýan bu bäsleşikde türkmen futbolçylary Eýranyň, Omanyň, Guamyň we Hindistanyň toparlary bilen  “D” toparçasynda çykyş edýär.

Biziň toparymyz ýaryşa şowsuz başlady, ilkinji tapgyrda myhmançylykda Guamdan 0:1 hasabynda ýeňildi. Soňra Daşoguzda Eýran bilen 1:1 oýnap, Maskatda Omandan 1:3 hasabynda asgyn geldi. Soňky ýeňliş Türkmenistanyň ýygyndysyny FIFA-nyň dünýä reýtinginde 155-nji oruna düşmegine getirdi.

Hindistanyň toparynyň görkezijisi mundan hem pes bassyr üç duşuşykda ýeňlen (Omandan 1:2, Guamdan 1:2, we Eýrandan 0:3) topar dünýä reýtinginde 167-nji orny eýeleýär.

Ýaryş tertibindäki öwerlik däl ýagdaýy iki topary hem diňe ýeňiş üçin oýnamaga borçly edýärdi. Stadiony dolduryp oturan janköýerler tarapyndan goldanylýan türkmen futbolçylary oýna işjeň girişdiler. Eýýäm birinji minutda Özbekleriň “Almalygynda” çykyş edýän Arslanmyrat Amanow garşydaşyň jerime meýdançasyna urdurylyp girdi, ýöne wagtynda ýetişen goragçylar howpy öz derwezesiniň alkymyndan daşlaşdylar. 8-nji minutda ýene-de A.Amanow pökgini dürslük bilen çep gyradan jerime meýdançasyna giren Guwanç Abylowa geçirdi, ol bolsa çep aýagy bilen ony derwezäniň çep gyrasyna gönükdirdi.

Çalt geçirilen gol biziň futbolçylarymyzyň ynamyny artdyryp olaryň hasaby artdyrmagyna ýardam beräýjek ýalydy ýöne myhmanlar meýdanyň orta gürpüni eýeläp, hasaby deňlemek üçin garşydaşyň ýarym meýdanyna tiz tizden geçip başlady. Netijede olar derwezä tarap ilkinji urgyny 11-nji minutda ýerine ýetirdiler. Hindistanyň ýygyndysynyň kapitany, toparda 10 ýyl bäri çykyş edip gelýän Sunil Çetriniň jerime çyzygyndan uran pökgüsi goragça degdi.

Ýer eýeleri bolsa öz gezeginde Süleýman Muhadow üçin amatly pursat döretmäge çalyşýardylar. Ýöne bu netije bermeýärdi. Soňra hiçkimiň garaşmadyk pursady bolup geçdi. 29-njy minutda şu saýlama ýaryşynda ilkinji gezek derweze goramak ynanylan Mämmet Orazmuhammedow gaýa-gopuz ýok ýerden ýalňyşdy oturuberdi. Ol jerime çyzygynyň golaýyndan pökgini ýokardan öz goragçysyna geçirjek boldy, ýöne pökgi garşydaşyň hüjümçisi Lalpehlua Jejäň geldi. Ol bolsa ony aňsatlyk bilen derwezeçiniň üstünden derwezä oklady. Türkmen futbolçylarynda birinji ýarymyň ahyryna çenli öňe çykmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. 36-njy minutda Geworkýan birnäçe metrden derwezä tarap güýçli urgyny ýerine ýetirdi. Ýöne pökginiň öňüne özüni oklan goragçy bu howpsy sowmagy başardy. Arakesmeden soň, uzak aralykdan Süleýman Muhadowa we Arslanmyrat Amanowa geçirilýän paslaryň hasabyna myhmanlaryň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlar köpräk döredi. Ýöne jemleýji pursatlarda hüjümçiler amatly pursatlardan dürs peýdalanyp bilmeýärdiler. 60-njy minutda Arslanmyrat Amanow batyrgaýlyk bilen oýny öz üstüne aldy: jerime çyzygynyň birnäçe metr golaýynda goragçyny aldap, ol 20 metr aralykdan güýçli urgy bilen pökgini derwezäniň “dokuzlygyna” gönükdirdi. Soňra, oýundan soňky metbugat maslahatynda Hindistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Stefen Konstantin bu pökgini “adatdan daşary gol” diýip atlandyrdy. Geçirdilen goldan soň, ara maý salyp myhmanlar hüjümi güýçlendirmek maksady bilen, iki oýunçyny meýdana goýberdiler, ýöne bu netije bermedi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Koçumow bolsa ýeňiş hasabyny saklamak üçin 3 oýunçy çalşygyny hem oýunyň soňuna goýdy. Netijede biziň futbolçylarymyza ýeňiş hasabyny saklamak başartdy. Bu Hindistanyň toparynyň Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşyndaky bassyr dördünji ýeňlişidir.

Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň ýygyndysy 4 utuk toplady we ol öňküsi ýaly, “D” toparçasynda dördünji orny eýeleýär. Toparçada hersi 8 utuk toplan Eýranyň we Omanyň toparlary öňde barýarlar, olar şu tapgyrda öz aralarynda  Maskatda deň oýnadylar — 1:1. Pökgüleri ýer eýelerinden 52-nji minutda Saada Al-Muhaýini, myhmanlardan bolsa 71-nji minutda Jalala Hosseýni geçirdiler. Guamyň ýygyndysy 7 utuk bilen 3 orunda barýar. Türkmen futbolçylary indiki tapgyrda Aşgabatda Guamyň toparyny kabul ederler. Duşuşyk 13-nji oktýabrynda 18:00-da “Köpetdag” stadionynda geçiriler.               

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama ýaryşy. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

8-nji oktýabr. Aşgabat. "Köpetdag". 20 100 tomaşaçy. 32 gradus С.

Türkmenistan – Hindistan – 2:1 (1:1)

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow, 8 (1:0). Lalpehlua Jeje, 29 (1:1). Arslanmyrat Amanow, 60 (2:1).

Türkmenistan: Mämmet Orazmuhammedow, Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Bagtyýar Hojaahmedow, Serdar Annaorazow, Ahmet Ataýew (k), Umytjan Astanow (Didar Durdyýew, 87), Guwanç Abylow, Arslanmyrat Amanow, Artur Geworkýan (Serdaraly Ataýew, 90+4), Süleýman Muhadow (Altymyrat Annadurdyýew, 90).

Baş tälimçi: Amangylyç Koçumow.

Hindistan: Gurprit Singh Sandhu, Arnab Kumar Mondal, Sandeş, Pritam Kotal, Naraýan Das (Lalçuanmawiýa, 47), Eugeneson Lingdoh, Robin Singh, Fransisko Fernandes (Bikaş Jairu, 79), Sehnad Singh (Rowllin, 64), Sinul Çetri, Lalpehlua Jeje.

Baş tälimçi: Stefen Konstantin.

Duýduryş alanlar: Artur Geworkýan 85, Mämmet Orazmuhammedow 90 – Eugeneson Lingdoh 30, Fransisko Fernandes 51, Pritam Kotal 86.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Arslanmyrat Amanow (Türkmenistan).

Emin: Masud Tufaýlik (Siriýa).

Gapdal eminler: Zakariýa Kanat, Ali Ahmad (Siriýa).

Ätiýaçdaky emin: Hanna Hattab (Siriýa).

Eminleriň inspektory: Nimal Wikramatunga (Şri-Lanka).

Duşuşygyň komissary: Çen Ýengdji (Hytaý).

 

Dünýä çempionaty — 2018. Saýlama ýaryşy. Aziýa. 2-nji tapgyr. "D" toparça.

8-nji oktýabr. Maskat. "Sultan kabus" sporkompleks. 12 400 tomaşaçy. 31 gradus С.

Oman – Eýran – 1:1 (0:0)

Pökgüleri geçirenler: Saad Al-Muhaini, 52 (1:0). Jalal Hosseýni, 71 (1:1).

Оman: Ali Al Habsi (k), Mohammed Al-Musalami, Mohammed Al-Baluşi, Raed Saleh, Eid Al-Farsi, Kasim Said (Mohammed Al-Gassani, 87), Saad Al Muhaini, Ahmed Mubarak (Mohamed Al-Maaşari, 83), Abdul Sallam Al Muhaini, Ali Sulaiman Al Busaidi, Imad Al Hosni (Mohamed Ali Siýabi, 75).

Eýran: Ali Reza Hagigi, Ehsan Haji Safi, Jalal Hosseýni, Omid Ibrahimi, Wahid Amiri (Mahdi Torabi, 60), Worýa Gafuri, Andranik Teýmurýan (k), Pejman Montarezi, Mehdi Taremi (Omid Alişah 82), Serdar Azmun (Kaweh Rezai, 86), Aşkan Dejagah.

Duýduryş alanlar: Eid Al-Farsi 17, Mohammed Al-Baluşi 77 – Mehdi Taremi 78, Aşkan Dejagah 84.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Saad Al-Muhaini (Oman).

Emin: Walentin Kowalenko (Özbegistan).

Gapdal eminler: Mamur Saýidkasimow, Husnuddin Şodmonow (Özbegistan).

Ätiýaçdaky emin: Şerzod Kasimow (Özbegistan).

Duşuşygyň komissary: Aoki Kasufumi (Ýaponiýa).

 

 «D» toparçasynda ýygyndylaryň ýerleşiş tertibi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň