Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik desgalary ulanylmaga berildi

11:3310.10.2015
0
2349

9-njy oktýabrda irden Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çäklerinde täze önümçilik kuwwatlyklarynyň dabaraly işe goýberilişi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, nebitgaz ulgamynyň pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň arasynda, şeýle hem  “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalar konsorsiumynyň wekilleri bar. Olar bahasy ABŞ-nyň 534 million dollary töweregi bolan bu iri maýa goýum taslamasynyň baş potratçysy bolup çykyş etdiler.  Däp boýunça dabara şeýle hem türkmen halkynyň hormatly ýaşululary çagyryldy.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde deňizýaka sebitiniň sungat ussatlary şowhunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Çärede çykyş eden Koreý korporasiýalarynyň ýolbaşçylary — “LG International Corp.” Kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Song Çi Ho we  “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti Kim Wi Çol TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak taslamasyny durmuşa geçirmäge hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ünsüni we goldawyny aýratyn bellediler.

Soňra dabara gatnaşyjylar işe giriziji nokada tarap ugradylar hem-de ony gözden geçirmegi mazudy wakuumda gaýtadan işleýän, suwuklandyrylan gazdan we pes oktanly ýeňil benzinden awtomobil benzini üçin ýokary oktan goşundysyny öwürýän hem-de benzini garýan täze desganyň dolandyryş nokadyna barmakdan başladylar.

Bu ýerde TNGIZT-niň hünärmeni myhmanlary desgalar toplumy bilen tanyşdyrýar, şondan soň, önümçilige dabaraly ýagdaýda badalga berildi.     Onuň işleýşini monitorlarda synlamak boldy. Onuň ýany bilen beýleki ekranda täze desga hem-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada wideofilm görkezildi.

Desgalar hil derejesi halkara ülňülerine laýyk gelýän awtomobil benzininiň ýokary oktanly görnüşini öndürmek üçin niýetlenendir. Munuň üçin gerek bolan düzümler mazudy wakuumda gaýtadan işlemek we suwuklandyrylan gazy gaýtadan işlemek arkaly alnar.    

Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmagyň netijesinde goşmaça gymmaty bolan nebit önümleriniň çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik dörär.

Umuman, önümçilik toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy hem-de 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Şeýle hem mazudy wakuumda gaýtadan işlemegiň esasynda benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň çig malynyň ýylda 1 million tonnasy, bitum öndürmek üçin ulanylýan gudronyň 900 müň tonnasy öndüriler we onuň hili düýpli ýokarlanar.

Alkilirleýji we izomerizirleýji desgalaryň ulanmaga girizilmegi bilen ýokary oktanly, ýagny A-92, A-95 benzinleriniň ýylda 480 müň tonna çenli goşmaça öndürmäge, şeýle hem A-98 awtobenzinini öndürmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýene-de bir maýa goýum taslamasy ýerine ýetirildi. Bu işlere “LG International Corp.” we “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýalar konsorsiumy (Koreýa Respublikasy) uly goşant goşýar.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň