Ýakynda Balkan welaýatyna gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda iş gününiň başyny irki welosipedli sport gezelenjinden başlady.
Milletiň Lideri welosipedli gezelenjiniň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Kenarýaka dynç alyş zolagynyň bagy-bossanlyga bürelişine hem-de adamlaryň doly bahaly dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin hemme zerur şertleri üpjün edýän onuň durmuş düzüminiň ösdürilişine aýratyn üns berdi.