Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylary gutlady

00:2310.10.2015
0
5216

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Mähriban adamlar!

Sizi baş baýramymyz bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünliklerimiziň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ýurdumyzda kabul edilen Milli maksatnamalara laýyklykda, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän durmuş maksatly binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralarynyň, seýilgähleriň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly işler amala aşyrylýar, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär, halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümler öndürilýär. Döwletimiz ykdysady we ruhy-medeni ulgamda uly üstünlikleri gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

 

Gadyrly myhmanlar!

Berkarar Watanymyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy döwletimiziň ykdysady ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sebäbi ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlary boýunça edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki üstünliklerimiz bizi örän buýsandyrýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň wekilleri bilen bir hatarda, hususy telekeçilere hem öz mümkinçiliklerini görkezmäge oňaýly şertleri döreder. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususy telekeçilik barha uly orny eýeläp, telekeçiler ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

 

Gadyrly myhmanlar! Mähriban adamlar!

Bu serginiň geçirilýän döwründe ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalarynyň tanyşdyrylyş çäreleri hem guralar. Kärhanalaryň we guramalaryň, hususy telekeçileriň hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlaryň köp sanly duşuşyklary hem-de gepleşikleri bu uly we möhüm çäräniň netijeliligini has-da artdyrar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ýeten belent sepgitlerimizi aýdyň görkezer.

Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadançylyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň