Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň merkezinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň açylyş dabarasy boldy

00:0409.10.2015
0
7369

8-nji oktýabrda Mary welaýatynyň merkezinde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň açylyş dabarasy, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň we ýurdumyzyň teatr toparlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy.

Mary Gadymy Merwiň taryhy mirasdüşeri bolmak bilen, 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň derejesini üstünlikli amala aşyrmak arkaly myhmanlary kabul edýär. Teatr sungatyna bagyşlanan döredijilik maslahatyna gatnaşyjylaryň hatarynda Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesinden, Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan teatr öwrenijiler, dramaturglar, režisýorlar, aktýorlar, teatr suratkeşleri bar. Türkmenistan tarapyndan oňa alymlar, sungaty öwrenijiler, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň iri teatr toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türki halklarynyň teatr maslahatynyň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda bar bolan medeni diplomatiýasyny üstünlikli peýdalanýan Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ýokary parahatçylyk söýüjilikli ýörelgäni öňe sürýändigini tassyklaýar. Maslahatyň çäklerinde geçirilýän çäreler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetiň kämilleşdirilmegine, onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine, halkara döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolan teatr sungatynyň wekilleriniň tejribe alyşmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde türkmen teatry watansöýüjilik, gözellik we ahlak ýörelgelerini terbiýelemek, tomaşaçylary milli we dünýä medeniýetine çekmek ýaly möhüm wezipäni amala aşyrmak bilen, halkara medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýär. Milli dramaturgiýa üns berilmegi, häzirki zaman sungat dilinde tomaşaça ýüzlenmäge bolan gyzyklanma, umumadamzat möçberindäki meselelere ýüzlenilmegi häzirki zaman türkmen teatrynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen teatr sungaty tomaşaça ýüzlenmek bilen, umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerini we ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýär.

Düýn Aşgabadyň medeniýet merkezlerinde bolan döredijilik maslahatyna gatnaşyjylar muňa aýdyň göz ýetirdiler. Şeýle hem myhmanlar paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň taryhy sahypalary, türkmen halkynyň gahrymançylygy hem-de watansöýüjiligi barada gürrüň berýän adybir romany boýunça Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň topary tarapyndan döredilen “Döwlet guşy” sahna oýnuna tomaşa etdiler.

Şu gün maslahata gatnaşyjylar gadymy taryhy ähli döwürde sungata aýratyn sarpasy bolan şäherde mähirli garşylandy. Ol ýerde Gündogaryň belli alymlary, filosoflary, sazandalary, şahyrlary we suratkeşleri ýaşapdyrlar hem-de döredipdirler. Gadymy döwürde Maryda tutuş sebitiň ösmegine täsir eden hem-de Günbatar we Gündogar medeniýetleriniň netijeli arabaglanyşygyny üpjün eden oňyn medeni ýagdaýlar döräpdir.

Häzirki döwürde Marynyň ilaty baý taryhy, pederlerimiziň maddy we ruhy medeniýetiniň arabaglanyşygyny aýawly saklamak bilen, öz şäheriniň şöhratyny artdyrýar. Soňky ýyllarda bu ýerde Kemine adyndaky Döwlet drama teatry, Mary welaýat kitaphanasy, Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi ýaly kaşaň medeniýet merkezleri emele geldi, täze sungat mekdepleri açyldy. Olarda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary ajaýyp eserleri döredýärler.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň öňündäki meýdançada maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde özboluşly sungat şäherjigi döredilipdir. Türkmeniň ak öýlerinde myhmanlar türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga, halyçylaryň, keşdeçileriň, zergärleriň we beýleki ussatlaryň zehininden kemal tapan işlere baha bermäge, milli saz gurallaryny görmäge we halk sazandalarynyň, dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk aýdymlaryny, milli sazlary diňlemäge mümkinçilik aldylar.

Soňra teatryň zalynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahatynyň açylyş dabarasy, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň we ýurdumyzyň teatr toparlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişi boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň teatrlarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, dörediji ýaşlar gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretariatynyň teatrlar ýolbaşçylary Geňeşiniň utgaşdyryjysy, Azerbaýjan Respublikasynyň TÜRKSOÝ-nyň ýanyndaky wekili Elçin Gafarly maslahata gatnaşyjylary çäräniň açylmagy bilen gutlap, türki dünýäsiniň medeni paýtagty taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýan çäreleriň baş maksadynyň umumy maddy, medeni we ruhy gymmatlyklary gorap saklamak, ösdürmek we geljek nesillere geçirmek üçin türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny nygtady. Şeýle hem ol türki dilli ýurtlaryň häzirki zaman teatrynyň dili gorap saklamakda we ösdürmekde, medeni-taryhy mirasy geljekki nesillere geçirmekde möhüm serişdeleriň biridigini aýtdy. Türki ýurtlaryň we sebitleriň teatr hereketine goldaw bermek TÜRKSOÝ-nyň Halkara guramasynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dürli görnüşdäki halkara teatr maslahatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär — diýip, Elçin Gafarly aýtdy.

Döredijilik maslahatyna gatnaşyjy ýurtlaryň teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda bu çäräniň Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy, doganlygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, türki halklaryň baý medeni mirasyny we Türkmenistanyň oňyn ösüş ýolunda täze gazananlaryny wagyz etmek işine bolan möhüm goşandy bellenildi. Häzirki döwürde teatr toparlarynyň halkara festiwallarynyň we döredijilik gözden geçirilişiniň çäklerinde amala aşyrylýan döredijilik gatnaşyklarynyň teatryň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýändigi bellenildi.

Bu ýere ýygnananlar türki dilli halklaryň medeniýet we sungat wekilleriniň netijeli döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýän giň halkara hyzmatdaşlyk we parahatçylyk syýasatyny ýöredýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Maslahatyň açylyş dabarasy tamamlanansoň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatr toparlary dürli görnüşli sahna oýunlaryndan ajaýyp pursatlary janlandyrdylar. Şunda artistler tomaşaçylar bilen tansyň, sazyň, aýdymyň, gurjaklaryň hereketiniň dili bilen gürleşdiler. Bu bolsa tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahaty Marynyň welaýat kitaphanasynda, şeýle hem Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toparlaýyn mejlisler arkaly dowam etdi. Olaryň barşynda türki dilli halklaryň teatr sungatynyň özboluşlylygyny saklamagyň, şeýle hem ony bu ulgamdaky dünýä meýilleriniň ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşamlyk maslahata gatnaşyjylar ýene-de Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň zalynda duşuşdylar. Olar bu döredijilik toparynyň ady rowaýata öwrülen Seljuk Soltanyna bagyşlanan “Mälik şa” sahna oýnuna tomaşa etdiler. Eseriň ägirt uly ruhy gymmatlyga eýedigini bellemeli. Ol häzirki zaman tomaşaçysy üçin ýakyndyr we düşnüklidir. Şeýle hem bu sahna oýny gahryman pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda arzuw eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan Garaşsyz türkmen döwletiniň gülläp ösen eýýamynda ýaşaýan häzirki türkmen nesillerine gönükdirilendir.

Ertir TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň sahna ussatlarynyň IV maslahaty Mary şäherinde öz işini dowam eder. Şonda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Sabir Amutbaýew adyndaky Menzelin Döwlet tatar drama teatrynyň we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň döwlet teatrynyň sahna eserleri görkeziler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň