Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitçileri uglewodorod çig malynyň çykarylýan mukdaryny artdyrmagy dowam edýärler

11:0908.10.2015
0
7948

Türkmenistanyň nebitçileri uglewodorod çig malynyň çykarylýan mukdaryny artdyrmagy dowam edýärler. 2015-nji ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň ýer astyndan “gara altynyň” 9 million 760 müň tonnasyndan gowragy çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 600 müň tonna köpdür.

Uglewodorod çig malynyň çykarylýan mukdarynyň ep-esli artmagy birnäçe şertleriň hasabyna gazanyldy – ösüş depgini 106, 5 göterime deň boldy. Hususan-da, uly möçberdäki maýa goýumlary her ýyl ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga – enjamlary, materiallary, ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almaga gönükdirilýär. Munuň özi geologiýa gözleg we buraw işlerini ep-esli artdyrmaga, geljegi uly nebit we gaz meýdanlaryny senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmaga, işlenip taýýarlanýan ýataklaryň ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda birnäçe iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.     

Şeýlelikde, pudakda önümli gatlaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, guýulary ulanmagyň, şol sanda ýerasty we düýpli abatlamagyň düzgünini gowulandyrmaga, guýulary gazlift usulyna geçirmäge gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleriň toplumy maksadalaýyk amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem nebit çykarmagy artdyrýarlar. Olar önümi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň esasynda gury ýerde we Hazar deňzinde ýataklaryň birnäçesini işläp taýýarlaýarlar.      

Nebitgaz çykaryjy senagatyň maddy-enjamlaýyn we çig mal binýadyny berkitmek üçin görlen çäreler bu gün öz netijelerini berýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny ösdürmegiň esasy ätiýaçlygy bolmagynda galýar. Hususan-da, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda buraw işleriniň gerimi ep-esli giňeldi. Şu ýylyň başyndan bäri 92 müň metr çuňluk burawlandy – ösüş depgini 126,7 göterime deň boldy.    

Ýurdumyzyň iri ýataklarynda giň gerimli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam edýär, olaryň çäklerinde täze önümçilik desgalarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýangyç-energetika toplumynda özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 6 milliard 726 millon manatlykdan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň 9 aýyna garanyňda 42.3 göterim köpdür.      

Umuman, nebitgaz toplumynyň ägirt uly kuwwatynyň hemmetaraplaýyn amala aşyrylmagy öz milli Lideri – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe öňe ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge hyzmat eder.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň