Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen “Syýahatçylyk Ýüpek ýolunda” atly 21-nji halkara söwda sergisine gatnaşdy

0
1196
0
0

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti 5—7-nji oktýabr aralygynda özbek paýtagtynda geçirilen “Syýahatçylyk Ýüpek ýolunda” atly 21-nji halkara söwda sergisine gatnaşdy.

“Özbeksyýahatçylyk” milli kompaniýasy serginiň guramaçysy hökmünde çykyş edýär, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini onuň bilen 2013-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdyrýar. Şonda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy.

Milletiň Lideriniň goňşy ýurda häzirki sapary Daşkentde geçirilýän “Syýahatçylyk Ýüpek ýolunda” atly halkara serginiň guralmagy bilen gabat geldi. Munuň özi türkmen hünärmenleriniň bu foruma gatnaşmagyna, gürrüňsiz, aýratyn ähmiýet çaýdy.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň goldaw bermeginde her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa sebitiniň iri sergi forumlarynyň birine şu ýyl dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 700-den gowragy gatnaşýarlar. Olar öz diwarlyklaryny “Özekspomerkez” sergi toplumynda ýaýbaňlandyrdylar.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary hünärmenleriň biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine ünsüni çekdi. Türkmen döwleti soňky ýyllarda syýahatçylyk senagatynyň dünýä bazarynda ynamly orun eýeleýär.

Biziň diwarlyklarymyzda görkezilen antiki Parfiýa we Gadymy Merw, orta asyr Köneürgenç we syrly Köýtendag ülkesi ýaly taryhy şan-şöhrata beslenen ýerlere syýahatçylaryň gyzyklanmasy onýyllyklaryň dowamynda peselmeýär, olary indi türkmen topragynyň täze ajaýyplyklary bolan gözel Awaza, ak mermerli Aşgabat hem özüne çekýär.

Häzir Türkmenistan Aziýada diňe özboluşly medeniýeti we gadymy ýadygärlikleri bilen däl-de, eýsem, ägirt uly özgerişlikleriň bolup geçýän ýurdy hökmünde dünýä açylan ýurt hökmünde hem tanalýar. Bu ýerde häzirki wagt we miras üznüksiz arabaglanyşygy emele getirip, şonsuz sahy we myhmansöýer halkyň ruhuna düşünmek we ony duýmak mümkin däldir.

Çäräniň maksatnamasy baý mazmunly bolup, onda kompaniýalaryň tanyşdyryş çäreleri, “Ýüpek ýolunyň tagamlary” we “Gündogar bazary” atly milli tagamlaryň festiwaly hem-de halk çeper senetleri boýunça interaktiw tälim beriş sapaklary jemlendi. Döwlet we halkara guramalarynyň, şol sanda ÝUNWTO, ÝUNESKO, BSGG, GIZ we beýleki guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni mirasy goramak meselesine bagyşlanan halkara maslahat esasy wakalaryň biri boldy.

Işewür gatnaşyklary ýoly goýmak üçin serginiň iş meýdançasyny peýdalanmak bilen, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärleri daşary ýurtly kärdeşleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurt operatorlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle duşuşyklaryň birnäçesi ylalaşyklaryň baglaşylmagy, hususan-da, “Daşoguzsyýahat” we “Marysyýahat” döwlet kärhanalary bilen Polşadan, Germaniýadan we Malaýziýadan bolan kompaniýalaryň arasynda ylalaşyklaryň baglaşylmagy bilen üstünlige beslendi.

Türkmen syýahatçylyk edarasynyň hem-de “Özbeksyýahatçylyk” milli kompaniýasynyň, Özbegistanyň syýahatçylyk operatorlar assosiasiýasynyň hem-de käbir degişli kompaniýalaryň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümini Özbegistanda ilerletmek, syýahatçylyk ulgamy üçin işgärleri taýýarlamakda tejribe alyşmak, syýahatçylykda we garyşyk pudaklarda hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki syýahatçylyk çärelerini, hususan-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen işewürler maslahatlaryny, bilim konferensiýalaryny, sergileri we tanyşdyryşlary guramak boýunça meseläni gutarnykly işlemek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

21-nji Daşkent halkara syýahatçylyk söwda sergisiniň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde çärä gatnaşyjylary sylaglamak
dabarasy boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru