Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri geçirmek üçin Daşkente bardy

23:1207.10.2015
0
4334

Şu gün, agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkente bardy. 8-nji oktýabrda ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler.

Daşkendiň howa menzilinde bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary ýokary galdyryldy we uçara barýan haly düşelen ýodanyň ugry boýunça hormat garawuly hatara durzuldy. Belent mertebeli myhmany doganlyk ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Prezident
Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana bu resmi sapary dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara hyzmatdaşlygyň gadymdan gelýän mizemez däplerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň köp asyrlyk taryhynda täze möhüm tapgyr bolar.

Häzirki zamanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň arasynda üstünlikli ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara mundan laýyk bir ýyl ozal Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimowyň Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde geçen ýokary derejedäki duşuşyk hem güýçli itergi berdi. Şonda iki goňşy döwletiň Baştutanlary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasda guralýan we diňe bir iki ýurduň däl-de, tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk çäreleri kesgitläp, ýene bir gezek taraplaryň syýasy gepleşikleri hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny tassykladylar.

Daşkentde başlanýan ikitaraplaýyn gepleşikler iki döwletiň Liderleriniň hoşniýetli gatnaşyklaryna, medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň taryhy umumylygyna hem-de döwrüň talabyna laýyklykda köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna we köp ýyllyk oňyn tejribesine esaslanýan, aragatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze anyk ädimleri kesgitlemäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mäkäm hukuk esaslary işlenip taýýarlanyldy. Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler we işewür gepleşikler, sebit boýunça duşuşyklar yzygiderli esasda guralýar.

Uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlyga soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda halkara derejedäki taslamalar hem güwä geçýär. Muňa XXI asyryň ägirt uly taslamasy, sebit boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açan Türkmenistan—Özbegistan—Gazagystan—Hytaý transmilli gaz geçirijisi aýdyň mysal bolup biler.

Özbegistan beýleki bir möhüm taslamany — diňe bir Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etjek täsirli güýç bolan “Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar” (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegi goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ösüşe eýe boldy. Döwletara haryt dolanyşygynyň birsyhly ösüşi munuň aýdyň görkezijisidir. Taraplar bar bolan ägirt uly kuwwaty doly peýdalanmagyň wajypdygyna düşünip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam edýän söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm ähmiýet berýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary milletiň Lideriniň tabşyrmagy boýunça ministrliklerde we pudak edaralarynda özbek kärdeşleri bilen iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere taýýarlygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ugurlary anyklanyldy we dürli ugurlarda däbe öwrülen hem-de täze gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk we gol çekilmegi göz öňünde tutulýan möhüm ikitaraplaýyn resminamalar uzakmöhletleýin türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, iki dostlukly döwletiň halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga wajyp goşant bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň