Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň DIM-nde Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

21:1807.10.2015
0
2576

2015-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi jenap Wiktor Maýko bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň hyzmatdaşlygyna degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny geljekde has kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Özara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan ýokary derejedäki syýasy gepleşikleri ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, ulag, oba hojalygy we senagat pudaklarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň häzirki ýagdaýy we gelejekki mümkinçilikleriniň ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň we telekeçilik jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň