Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Amangylyç Goçumow: «Janköýerleriň goldawyna garaşýarys»

0
346
5
0

Türkmenistan — Hindistan duşuşygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Goçumow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryny jogap berip, şeýle diýdi:

— Futbolçylarymyz ýurdumyzda geçirilýän oýunlarda şowly çykyş edip bilýändigini Türkmenistan — Eýran duşuşygynda subut etdiler. Şu gezek hem gowy oýun bolup, gerekli netijäniň alynjakdygyna ynanýarys. Biz öz janköýerlimiziň arasynda çykyş edýäris. Şu duşuşykdaky we 13-nji oktýabrda Guamyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşykdaky şol artykmaçlygymyzy peýdalanyp, utuk gazanmak biziň iň esasy maksadymyz. Şu wagt milli ýygyndymyz bir utuk toplap, toparçada dördünji orunda barýar. Ýöne şu iki duşuşykda hem ýeňiş gazanyp, biziň görkezijilerimizi gowulandyrmaga mümkinçiligimiz bar. Häzirlikçe bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndysy ähli toparçalarda dördünji orny eýeleýän ýygyndylaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezen topardyr.

Duşuşyga gowy taýýarlandyk diýip bileris. Ýokary liganyň 28-nji tapgyryndan soň, Gökdere jülgesinde okuw türgenleşigini geçdik. Näme üçin Aşgabatda däl?! Bu sowalyň jogaby juda sada. Biziň daş-töwrekdäki täsirlerden ünsümizi sowup, bar ünsi futbola jemlemegimiz üçin Gökdere ýaly asuda ýer gerekdi. Ýolbaşçylarymyz sag bolsun, türgenleşik wagtynda biz ähli mümkinçilikler bilen doly üpjün edildik.

Duşuşyk möhüm, wezipe aýdyň! Şeýle-de bolsa, ozalky düzümimizden käbir üýtgetmeler bilen oýna gelmeli bolduk. Ýygyndymyzyň düzümine alan futbolçylarymyzyň käbiri ligadaky ýaryşlarda şikes aldy, käbiri bolsa iki sary kart sebäpli bu duşuşyga gatnaşyp bilenok. Biz Ruslan Mingazow, Nikita Gorbunow, Süleýman Orazow, Rahymberdi Baltaýew, Serdar Geldiýew ýaly futbolçylarymyzdan bu duşuşykda peýdalanyp bilmeris. Olara derek Dawid Sarkisow, Amir Gurbany ýaly tejribeli futbolçylar milli ýygyndymyzyň düzümine çagyryldy. Okuw-türgenleşigi döwründe ýygynda täze goşulan oýunçylar bilen aýratynlykda işlenip, olaryň oýun pursadynda topar bilen sazlaşykly hereket etmegi üçin hemme çäreler görüldi.

Dogrusy, biz Hindistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda geçiren duşuşyklarynyň wideýazgysyna tomaşa edip, olaryň oýun taktikasy barada maglumat almaga mümkinçilik bolmady. Ýöne bu bizi ynjalykdan gaçyranok. Biz toparymyza ynanýarys. Esasy zat, oglanlarymyzyň aljyraman, erkin futbol oýnamagydyr.

Ertirki oýna nähili 11-lik bilen çykarys. Bu entek doly kesgitlenenok. Esasan hem, derwezewanlar babatda ýaýdanjaňlygymyz bar. Milli ýygyndymyzyň mundan ozalky esasy duşuşyklarynda derwezesini goran Nikita Gorbunowyň şikes almagy bilen bu duşuşykda derwezäni Sergeý Kuznesow bilen Mämmet Orazmuhammedowa ynandyk. Mämmet uzak ýyllardan soň, milli ýygynda ilkinji gezek goşulýar. Sergeý bolsa, geçen üç duşuşykda biziň düzümimizde bolan bola-da, entek esasy oýunlara çykanok. Ol diňe Saud Arabystanynda ýerli «Al-Hamriýah» topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygymyzyň ikinji ýarymynda derwezäni gorady. Ýöne biz futbolçylarymyzyň iň gowularyna ýurdumyzyň futbol abraýyny goramagy ynanarys. Biziň umytlarymyz ýerine düşer diýip tama edýäris. Ildeşlerimizi bizi goldamaga çagyrýarys. Çünki janköýerleriň goldawy islendik topara, şol sanda milli ýygynda hem goşmaça güýç-kuwwat berýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru