Hindistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Sunil Çetri: «Aşgabat arassa hem owadan şäher eken»

18:3207.10.2015
0
1090

Türkmenistan — Hindistan duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Sunil Çetri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryny jogap berip, şeýle diýdi:

— Tälimçimiziň hem aýdyşy ýaly, Hindistanyň milli ýygyndysy häzir ösüş döwrüni başdan geçirýär. Muňa garamazdan, esasan, ýaş oýunçylardan düzülen milli ýygyndymyz oýunlarda okgunly çykyş edýärler. Her duşuşyk bizi taplaýar we kemçiliklerimize göz ýetirmäge ýardam berýär. Biz Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşyga hem ýokary derejede taýýarlyk gördük. Milli ýygyndynyň geçiren oýunlaryň wideoýazgysyna tomaşa etdik.

Şu duşuşyga çenli Türkmenistanyň we Hindistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda 5 duşuşyk geçirildi. Maňa şolaryň birine — 2008-nji ýylda Haýdarabat şäherinde geçirilen duşuşyga gatnaşmak miýesser etdi. Bu gezek türkmen futbolçylary bilen Aşgabatda duşuşýandygymyz üçin örän şatdyryn

Men Aşgabatda şäheri barada aýratyn aýtmak isleýärin. Ilkinji nobatda aýdylmaly ýagdaý Aşgabadyň juda arassa şäherdigidir. Biz paýtagtdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýerleşdik. Dag eteginde ýerleşýän bu myhmanhanadan şäheriň ähli gözellikleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Biz gündizlerine ak, gijelerine-de şuglaly ajaýyp görnüşe şaýat bolýarys. Şeýle ajaýyp şäherde futbol oýnamak biziň üçin ýakymly.

         «Köpetdag» stadiony bilen tanyşdyk. Bu ýerde ilkinji türgenleşigimizi geçirdik. Stadion meýdançasy halkara derejeli duşuşyklary geçirmek üçin oňaýly. Nesip bolsa, gyzykly duşuşygyň boljakdygyna ynanýaryn. Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň