Soňky habarlar

Arhiw

Stiwen Konstentin: «Biz duşuşyga doly düzümde taýýar»

17:4007.10.2015
0
1229

Türkmenistan — Hindistan duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stiwen Konstentiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna beren jogaplary:

— Men Hindistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna ikinji gezek ýolbaşçylyk edýärin. Tälimçilik ýyllarymda ozal hem bir gezek hindi milli ýygyndysynda işläpdim. Edil häzirki günlerde ýurduň futbol boýunça milli ýygyndysy täzeleniş döwrüni başdan geçirýär. Ýygyndynyň düzümindäki birki futbolçydan galany ýaş oýunçylar. Olaryň entek tejribesiniň egsikligi biziň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda şowsuz çykyş etmegimiziň esasy sebäpleriniň biri. Ýöne entek ýaňy üç oýun oýnaldy. Öňde ep-esli oýnumyz bar. Men geljekki oýunlarda futbolçylarymyzyň utuk gazanjakdygyna ynanýaryn.

Mundan öňki şowsuz çykyşlarymyzyň ýene bir sebäbi hem, olaryň käbirine doly düzümde gatnaşyp bilmezligimiz boldy. Mysal üçin oýunlaryň birine bary-ýogy 15 futbolçy bilen gatnaşdyk. Toparda ýekeje derwezewan bardy. Bu duşuşyga biz doly düzümde diýen ýaly geldik. Duşuşyga gatnaşyp bilmejek üç futbolçymyzdan galan oýunçylarymyz doly taýýar.

Aşgabada gelip hem türgenleşikleriň birnäçesini geçirdik. Bu ýere gelmezden ozal, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Guamyň we Eýranyň ýygyndylary bilen geçiren duşuşyklarynyň wideoýazgylaryna tomaşa etdik. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbol taktikasy barada käbir maglumatlarymyz bar. Ýöne bu bizi arkaýynlaşdyranok. Çünki Eýran bilen geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylary ajaýyp oýun görkezipdirler. Muny duşuşygyň netijesi hem aýdyp dur ahyry! Eger, olar ýene şeýle maksada okgunly oýun geçirseler, olara garşylyk görkezmek bize kyn düşer.

Mahlasy,  biz şu güne çenli elimizden gelenini etdik, galan netijäni oýundan soň göreris. Men uly myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna sagbolsunymy aýdýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň