Arhiw

Amangylyç Koçumow Dünýä çempionaty — 2018-iň Hindistana garşy geçiriljek saýlama duşuşygyna Türkmenistanyň ýygyndysynyň gutarnykly düzümini mälim etdi

16:2507.10.2015
0
13494

Amangylyç Koçumow Dünýä çempionaty — 2018-iň Hindistana garşy geçiriljek saýlama duşuşygyna Türkmenistanyň ýygyndysynyň gutarnykly düzümini mälim etdi. Bu duşuşyk 8-nji oktýabrda paýtagtyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

Amangylyç Koçumowyň “Türkmenportalyň” habarçysyna habar berşi ýaly, Hindistanyň ýygyndysyna garşy öňde boljak duşuşyga şikesler we saglyk ýagdaýlary sebäpli milli ýygyndymyzyň esasy derwezeçisi Nikita Gorbunow (“Ahal”), şeýle hem ýarym goragçylary Ruslan Mingazow (“Ýablones” Çehiýa), Serdar Geldiýew (“Altyn asyr”) we hüjümçisi Aleksandr Boliýan gatnaşyp bilmezler. Olaryň ornuna ýygyndy topara orta gürpüň oýunçylary Amir Gurbany (“Balkan”) we Dawid Sarkisow (“Aşgabat”) çagyryldy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň bu duşuşyga gutarnykly düzümi şeýle:

Derwezeçiler:

Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn Asyr”)

Sergeý Kuznesow (“Aşgabat”)

 

Goragçylar:

Şöhrat Söýünow (“Altyn Asyr”)

Serdar Annaorazow (“Altyn Asyr”)

Bagtyýar Hojaahmedow (“Altyn Asyr”)

Rahymberdi Baltaýew (“Aşgabat”)

Mekan Saparow (“Balkan”)

Zafar Babajanow (“Ahal”)

Ýagmyrmyrat Annamyradow (“Balkan” )

Akmyrat Jumanazarow (HTTU)

 

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow (“Ahal”)

Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”)

Umytjan Astanow (“Altyn Asyr”)

Guwanç Abylow (“Hazyna”)

Didar Durdyýew (“Hazyna”)

Amir Gurbany (“Balkan”)

Dawid Sarkisow (“Aşgabat”)

Artur Geworkýan (“Nasaf”, Özbegistan)

Arslanmyrat Amanow (“Almalyk”, Özbegistan)

 

Hüjümçiler:

Süleýman Muhadow (“Altyn Asyr”)

Serdaraly Ataýew (“Balkan”)

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”)

 

“D” toparçasyndaky ýygyndylaryň ýaryş tertibinde ýerleşişi

 

Şeýle hem Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndy toparlarynyň baş tälimçileriniň oýundan öňki metbugat maslahatyndan taýýarlanan fotoreportažy siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň