Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gussaly sene — Hatyra güni bellenilip geçildi

09:3607.10.2015
0
25179

6-njy oktýabyrda Türkmenistanda gussaly sene — Hatyra güni bellenilip geçirilýär. Bu gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden bäri 67 ýyl geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan hem gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala diýen ýaly öwezini dolduryp bolmajak ýitgileri getirdi.

Onýyllyklar geçenden soň, bütin dünýä bu weýrançylyk baradaky hakykaty bildi, biziň halkymyz bolsa milli däp-dessurlara laýyklykda bu pajygaly senäni Hatyra güni hökmünde bellemäge, özüniň öten-geçen ýakynlaryny we hossarlaryny hatyralamaga mümkinçilik aldy.

Bu gün tutuş ýurdumyz boýunça Döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Şol pajygaly gijäniň elhenç wakalaryny henize çenli ýadynda saklaýan türkmenistanlylaryň kalplary hasratdan doly, şol wakalaryň şaýatlarynyň berýän gürrüňlerinden bu tebigy betbagtçylygyň getiren hasratlary barada bilýänleriň ýürekleri ynjalanok.

Ir säherden aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Gökdepe söweşinde hem-de 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerinde gurban bolan milli gahrymanlary, beýleki söweşlerde wepat bolanlary, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralamak maksady bilen gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldi.

Ýygnananlar tutuş adamzadyň taryhyna iň güýçli weýran ediji ýertitremeleriň biri hökmünde giren Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny hatyraladylar.

... Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine tarap ugraýar. Şu pursat pajygaly gije 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhammet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanynyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk duýgusy gurşap aldy.

Halkymyzyň ahlak ýörelgesi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy ykbalyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge medet berdi. Halkymyz öz taryhynyň agyr synaglaryndan üstünlikli geçip, mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltdi we ony dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň paýtagtyna öwürmegini dowam etdirýär. Paýtagtymyz häzirki döwürde has owadandyr, onuň geljegi bolsa haýran galdyryjydyr. Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Örän gysga taryhy döwrüň içinde şeýle uly üstünliklere neneň buýsanmajak, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna neneň guwanmajak!

... Soňra milletiň Lideri türkmen topragynyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülen “Milletiň ogullary” ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül desselerini goýdy.

Şu gün, Hatyra güni, türkmen halky öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Halkymyz Gökdepe galasynyň ýaşaýjylary bolan ýaşululary, zenanlary we ýaşlary barada matam tutýarlar. Olar abanan howpdan birjik-de heder etmän, galany batyrlyk bilen goranlar bilen birlikde güýji agdyk gelýän duşmana berk gaýtawul berdiler. Eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň netijesinde olar janlaryny gurban etseler-de, ýeňilmediler.

Türkmen halky özüniň gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, gahryman ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar we Gökdepe galasyny goraýjylaryň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýär.

Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenligiň, harby borja wepalylygyň, Watana ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Olaryň arasynda milletiň Lideriniň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

... Döwlet Baştutanynyň yzýany ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýýarlar. Sähel salymyň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärlikleriň etegindäki mermer plitalaryň üstüni örtýär.

Ýadygärliklere gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlaryň ählisi sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite ýere barýarlar.

Soňra ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy, şondan soňra nahar çekildi.

Nahardan soň, öten-geçenleriň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.

Hatyra çäresi nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Gussada hem, şatlykda hem halkymyz üçin mukaddes ýerlere barmak şol asylly däpleriň biridir. Çünki bu Hatyra gününde halkymyzyň ruhubelentligini has-da artdyrmak üçin nesilleriň bitewi hakydasynyň wajypdygyna, gülläp ösýän ýurtda parahatçylykly ýaşamak we zähmet çekmek bagtyna aýratyn göz ýetirýäris.

Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi.

Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň