Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryny tamamlady

09:2207.10.2015
0
1179

6-njy oktýabrda ýurdumyzyň 19 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen öňümizdäki ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky soňky duşuşygyny geçirdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ildeşlerimiz «B» toparçada çykyş etdi. Bu toparçanyň duşuşyklary bolsa Saud Arabystanynda geçirildi.

Eýýäm üçünji duşuşyga çenli ýer eýeleriniň we Ýemen döwletiniň ýaşlar ýygyndylaryndan asgyn gelen türkmen futbolçylary Aziýa çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitiripdiler. Siriýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen bilen geçirilen üçünji duşuşyk bolsa toparçada üçünji orny eýelejek ýygyndyny anyklamalydy.

Edil ildeşlerimiz ýaly, siriýaly futbolçylar hem toparçada mundan öň geçiren iki duşuşygynda hem asgyn geldiler. Olar Ýemenden 1:0, Saud Arabystanynyň ýygyndysyndan 4;1 hasabynda ýeňlip, entek utuk gazanyp bilmändiler.

Al-Hasa şäherindäki şazada Abdulla bin Jalawi adyndaky stadionda geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylarynyň artykmaçlygy doly ýüze çykdy. Eýýäm 20-nji minutda «Ahal» futbol toparynyň netijeli hüjümçileriniň biri Mihail Titow ildeşlerimizi öňe çykardy. Ilkinji goldan 6 minut soňra M.Titow ýene bir owadan pökgini siriýanyň ýaşlar ýygyndysynyň derwezesinden geçirip, aratapawudy 2 gola çykardy. Duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy.

Ikinji ýarymda — duşuşygyň 74-nji minudynda Siriýanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçysy Dali 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, tapawudy bir pökgä çenli ýygyrdy. Ýöne şondan bir minut soňra türkmen futbolçylary hasaby 3:1-e ýetirdiler, bu gezek Guwanç Gurbangulyýew tapawutlandy. Duşuşykdaky iň soňky pökgini 80-nji minutda Begenç Akmämmedow geçirdi. Bu gol türkmen futbolçynyň ymykly ýeňşiniň nobatdaky buşlukçysy boldy.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ähli duşuşyklaryny geçirdiler. Olar 3 oýunda 3 utuk ýygnap, toparçada-da 3-nji orny eýelediler. Ildeşlerimiziň Siriýanyň ýaşlar ýygyndysyna garşy gazanan ýeňşi janköýerleri 8-nji oktýabrda milli ýygyndymyzyň Hindistanyň futbol ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygynda-da ýeňiş gazanjakdygyna bolan ynamyny has berkitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň