Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan» futbol toparynda işlän hünärmen türk futbol topary Düzjesporuň tälimçisi boldy

09:1307.10.2015
0
1274

6-njy oktýabrda Türkiýäniň futbol çempionatynyň 3-nji ligasynda çykyş edýän Düzjespor futbol toparynyň başyna täze tälimçi getirildi.

Bu wezipä türk futbolynyň belli tälimçileriniň biri Semih Ýuwakuran getirildi. Bu tälimçiniň ady türkmen futbolsöýerlerine hem tanyşdyr. Çünki Semih Ýuwakuran 2012-nji ýylda Ýokary ligamyzda çykyş edýän «Balkan» futbol toparynyň kömekçi tälimçisi bolup işläpdi. Şol möwsüme şowsuz başlan «Balkanyň» möwsümiň soňunda çempion bolmagynda bu türk hünärmeniniň hyzmaty uludyr. Şeýle hem bu hünärmen birnäçe türkmen futbolçylarynyň Türkiýäniň meşhur futbol kluplarynyň nazaryna ilmegi üçin hem goşant goşupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň