Hindistanyň milli ýygyndysy ýurdumyza geldi

0
326
12
1

8-nji oktýabrda 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýurdumyza geldi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýerleşen myhmanlar özleriniň ilkinji türgenleşiklerini şu gün — 6-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirdiler.

7-nji oktýabrda ir sagat 10:00-da paýtagtymyzdaky «Grand tükmen» myhmanhanasynda AFK-nyň wekilleriniň we iki tarapyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçiriler. Duşuşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanjak bu çäreden soňra, iki milli ýygyndynyň baş tälimçileri we kapitanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap bererler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda 8-nji oktýabrda sagat 18:00-da paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Duşuşyga siriýaly eminler topary eminlik eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru