Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň 20 ýylyň içinde daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilişiniň esasy tapgyrlaryny we netijelerini häsiýetlendirdiler

0
536
0
0

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň durnukly ösüş babatda strategiýasy: halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesi we geljegi” atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň işine ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerini çözmekde barha artýan abraýyny bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça hem-de türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy ýaly ähmiýetli senä aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Bu mowzuk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-a bolan iş saparynyň çäklerinde 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol duşuşygyň çäklerinde milletiň Lideri Türkmenistanyň geçen ýyllaryň içinde BMG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady hem-de şu ýylyň iýun aýynda Guramanyň ýolbaşçysy Pan Gi Munuň Aşgabada bolan saparynyň Milletler Bileleşiginiň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berendigini nygtady.

Halkara gatnaşyklary institutynda beýan edilen çykyşlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, 20 ýylyň içinde Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilişiniň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi. Maslahatdaky çykyşlarda ýurdumyzyň diplomatik üstünlikleriniň onuň garaşsyz ösüşiniň hemme ugurlarynda, döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny kämilleşdirmek boýunça öňdengörüji we ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda beýanyny tapandygy bellenildi. Geçen ýyllaryň bütin sebitde we Ýer ýüzünde durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Bitarap Türkmen döwletiniň netijeli, parahatçylyk döredijilik syýasatyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler bilen alamatlanandygy nygtaldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru