Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

00:0506.10.2015
0
5805

Hormatly ýaşlar!

Berkarar ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size milli aýdym-saz sungatymyzy täze aýdymlar bilen baýlaşdyrmakda we kämilleşdirmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda şanly wakalara beslenen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda il-ýurt bähbitli tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli berkarar döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler Garaşsyz ýurdumyzyň halkara abraýyny belent derejelere göterýär. Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan medeni hyzmatdaşlyk has-da pugtalanýar. Munuň özi Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna gönükdirilen syýasatymyzyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Berkarar Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem düýpli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem kalbynda aýdym-saz sungatyna söýgüsi, buýsanjy gaýnap duran ýaş aýdymçylaryň zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, milli sungatymyzy täze aýdymlar bilen baýlaşdyrmaga badalga berýär.

Gadyrly ýaşlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitlerde medeniýet we sungat ussatlarynyň hem mynasyp goşandy bardyr. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap, kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýäris. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek üçin düýpli maksatnamalary amala aşyrýarys. Her ýyl dürli medeni çäreleri, festiwallary, bäsleşikleri geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly bäsleşikler il içinden täze zehinleriň ençemesini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Eziz Watanymyzyň gazanýan taryhy üstünliklerini, gülläp ösýän döwrümizi joşgunly aýdym-sazlaryň üsti bilen çeper wasp etmekde, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, onuň has-da kämilleşdirilmegini hem-de täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ýurdumyzyň bagşylarynyň, aýdymçylarynyň we sazandalarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bu möhüm işlere ajaýyp döwrümiziň zehinli ýaşlary bolan aýdymçylar — Siz hem işjeň gatnaşmalysyňyz. Siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň baýlaşmagy, kämilleşmegi ugrunda täze aýdym-sazlary yzygiderli döredip, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä çykmagy ugrunda alnyp barylýan netijeli işlere uly goşant goşmalysyňyz.

Hormatly ýaşlar!

Siziň sungat äleminde öz mynasyp ornuňyzy tapjakdygyňyza, döwrebap aýdym-sazlar bilen milli sungatymyzyň ösmegine geljekde hem mynasyp goşant goşjakdygyňyza, ýaş kalbyňyzdan joşup çykýan ýakymly aýdymlar bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdygyňyza pugta ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisini ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň