Soňky habarlar

Arhiw

Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 243 müň dollaryndan gowrak boldy

23:3005.10.2015
2
3141

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta süýümini  satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 243 müň  dollaryndan  gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 2 million 932 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň