Arhiw

Hepdäniň howa maglumaty

16:4405.10.2015
0
10845

Türkmenistan boýunça 2015-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 11-nji oktýabry aralygynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 3—5 metrden 12—14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+17 gradusdan +22...+24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+27 gradus maýyldan +36...+38 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 4—9 metrden 11—16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+17 gradusdan +21...+26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25 gradus maýyldan +33…+38 gradus aralygynda yssy bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2—7 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +19...+24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25...+30 gradus maýyldan +34...+39 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 3—8 metrden 11—16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15 gradusdan +19...+24 gradus maýyl, gündizlerine +25...+30 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 4—9 metrden 11—16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15 gradusdan +20...+25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31 gradus maýyldan +34...+39 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 3—8 metrden 10—15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14 gradusdan +16...+21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+27 gradus maýyldan +33...+38 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň