Aşgabatda “Ýaňlan, Diýarym - 2015!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

0
280
0
0

4-nji oktýabrda  “Arkadag” seýilgähinde Türkmenistanyň  Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym-2015!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Sungata höwesli ýaş zehinleriň bu döredijilik bäsleşigini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri guradylar. Telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaly iň mynasyp aýdymçylar, Aşgabatda we ähli welaýatlarda geçirilen deslapky saýlama tapgyrlaryň netijeleri esasynda kesgitlendi. Deslapky tapgyrlaryň ýeňijileri däp boýunça ýurdumyzyň baş baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda guralýan  “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji dabaraly konsertinde çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Konsertiň başlanmazynyň öň ýanynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Ýaş ýerine ýetirijileriň jemleýji bäsleşige çykmak ugrundaky çykyşlaryna, ses aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň sahnada özüni alyp barmak endikleri ýaly görkezijiler boýunça baha berildi.

Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite diplomlara we baýraklara mynasyp boldular.

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary  sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji 500 amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Rüstem Röwşenowiç Hallyýew;

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Ýagşymyrat Döwletmämmedowiç Annadurdyýew;

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap şahamçasynyň esasy hünärmeni Abadangözel Abdalyýewna Seýdalyýewa;

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň medeniýet merkeziniň tans artisti Sulgunjemal Allamyradowna Taşmyradowa;

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Burguçy geňeşligindäki Hatap oba medeniýet öýüniň medeni çäreleriniň guramaçysy Magtymguly Döwranowiç Rozymamedow;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşligindäki Gara oba medeniýet öýüniň sazandasy Çary Gurbanowiç Berdiýew.

Türkmenistanyň Merkezi banky pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan tölemäge borçly edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru