“Ahalyň” şowsuzlyk döwri tamamlandy, “Balkanyň” bolsa ýeňişli ýoly

0
751
73
0

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 28-nji tapgyryň nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Maryda “Energetik” “Ahaly” kabul etdi. “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň geçen möwsümde kümüş medallara mynasyp bolan topary, bu möwsümiň ikinji ýarymyny şowsuz geçirýär. Geçen aý Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi “Ahal” bu ýaryşyň çärýek finalynda, iki duşuşygyň netijesi boýunça “Balkandan” (Aşgabatda 3:1 we Balkanabatda 0:4) ýeňildi. Çempionatda bolsa, soňky üç duşuşykda üç gezek ýeňildi. Şol sanda geçen tapgyr garaşylmadyk ýagdaýda, çempionatda soňky orny eýeleýän “Daşoguzdan” asgyn geldi – 1:2.

Şu ýyl “Energetik” 8-nji maýda ikinji aýlawyň duşuşygynda öz meýdançasynda “Ahaldan” utuk almagy başarypdy – 1:1. Ýöne bu gezek ahallylar oýna oňat taýýarlanypdyrlar we garşydaşyň derwezesine bäş pökgi geçirdiler.

Rahmet Şermetow (7-nji we 49-njy minutlarda) we Altymyrat Annadurdyýew (62-nji we 76-njy minutlar) iki gezek tapawutlandylar. Ýene bir goly 35-nji minutda Begmyrat Balakaýew geçirdi. Altymyrat Annadurdyýew 22 gol bilen iň netijeli oýunçylaryň arasynda ikinji orna ýerleşdi. “Energetigiň” ýeke-täk goluny toparyň iň netijeli oýunçysy Kerim Hojaberdiýew 75-nji minutda geçirdi. Indi onuň çempionatda jemi 10 goly bar.

Şowsuzlyk döwründen çykan “Ahal” 47 utuk bilen çempionatda üçünji orna gaýdyp geldi. Dördünji orna düşen “Aşgabadyň” bolsa ondan 2 utugy az.

Balkanabatdaky duşuşykda garaşylmadyk netije boldy. Bu ýerde soňky üç tapgyrda diňe ýeňiş gazanyp gelýän “Balkan” Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyny utmagy başarmady – 1:1. Ýer eýeleri 56-njy minutda hasaby açdylar. Amir Gurbani çep gapdaldan şowly geçip, pökgini derwezeçiniň meýdançasyna geçirdi we ylgap gelen Myrat Ýagşyýew hiç hili päsgelçiliksiz pökgüni tora gönükdirdi. Bu gol “Balkanyň” çempionatyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda birinjiligi saklaýan hüjümçisiniň 24-nji golydyr.

Myhmanlar 13 minut soňra hasaby deňlediler. Nurýagdy Muhammedow jerime meýdançanyň burçuna ýetmäge 5 metr galanda, topy güýçli urgy bilen derwezäniň uzak çüňküne ugratdy. Munuň yz ýany 70-nji minutda alnan şikes zerarly “Balkanyň” hüjümçisi Aleksandr Boliýan meýdançany terk etmeli boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçileri ony az-kem syrkawlan Ruslan Mingazowa derek 2018 dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň Hindistana we Guama garşy geçiriljek duşuşyklarynda düzüme goşmagy meýilleşdirýärdiler.

Oýnuň ahyrynda, eýýäm goşmaça wagtda, balkanlylar ýeňiş gazanyp bilerdiler. Emma Myrat Ýagşyýewiň kellesi bilen gönükdiren urgusyny HTTU-nyň derwezeçisi yzyna gaýtardy.

Netijede Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniň şägirtleri diňe 1 utuk gazanyp, jemi 53 utuk bilen ýaryş basgançagynda ikinji orny ynamly saklaýarlar.

28-nji tapgyryň ýene bir duşuşygy Türkmenbaşy şäherinde geçirilip, “Şagadamyň” “Daşoguzy” uly hasap bilen ýeňmegi bilen tamamlandy – 5:0. 13-nji minutda Gahrymanberdi Çoňkaýew sag gapdaldan galdyrylan pökgüni kellesi bilen derwezä girizip, hasaby açdy. Ol 51-nji minutda jerime urgusyndan ikinji goluny geçirdi. 78-nji minutda pökgi burçdan oýna girizlende derwezeçiniň we goragçynyň düşünişmezliklerinden peýdalanan Hemra Amanmämmedow özüniň çempionatdaky 16-njy goluny geçirdi. 82-nji minutda Yslam Muhadow topy derwezeçiniň üstünden aşyryp, hasaby 4:0 etdi. Ýene 4 minutdan bolsa Azat Garajaýew meýdançanyň merkezinden diýen ýaly güýçli urgy bilen derwezeçi Yhlas Allabergenowy garaşylmadyk ýagdaýda tutdy. Derwezeçi topy tutjak bolup, ony aýaklarynyň arasyndan tora geçirdi.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 19 ýaşdan kiçileriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşyna gatnaşýandygy sebäpli, 28-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy “Hazyna” – “Altyn asyr” 1-nji dekabra süýşürildi.

Indi Türkmenistanyň ýygyndysynyň 2018 dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 8 we 13-nji oktýabrda Aşgabatda degişlilikde Hindistanyň we Guamyň toparlary bilen duşuşýandygy sebäpli milli çempionatda arakesme başlandy.

Türkmenistanyň futbol çempionaty 16-njy oktýabrda 29-njy tapgyryň HTTU – “Aşgabat” duşuşygy bilen täzeden dowam etdiriler.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Energetik" – "Ahal" – 1:5 (0:2)

3-nji oktýabr. Mary. "Sport toplumy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Kerim Hojaberdiýew 75 – Rahmet Şermetow 7, 49, Begmyrat Balakaýew 35, Altymyrat Annadurdyýew 62, 76.

Duýduryş alanlar: Artýom Nikitenko 46 – Begli Meredow 39, Ylýasberdi Berenow 48.

Emin: Ýolbars Jumageldiýew.

Duşuşygyň inspektory: Bagtyýar Atajanow.

 

"Şagadam" – "Daşoguz" – 5:0 (1:0)

3-nji oktýabr. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadiony. 150 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Gahrymanberdi Çoňkaýew 13, 51, Hemra Amanmämmedow 78, Yslam Muhadow 82, Azat Garajaýew 86.

Duýduryş alanlar: Azat Garajaýew 87 – Hudaýguly Sattyýew 51, Yzzat Hudaýbergenow 81.

Emin: Igor Barabaş.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

"Balkan" – HTTU – 1:1 (0:0)

3-nji oktýabr. Balkanabat. "Sport toplumy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Myrat Ýagşyýew 56 – Nurýagdy Muhammedow 69.

Duýduryş alanlar: Nursähet Sapargylyjow 53 – Didargeldi Kowusow 47, Orazberdi Myradow 63, Hoşgeldi Hojowow 79, Azat Şamyradow 90+1.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

 

28-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 24 (2 – 11 metrlik urgudan ).

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 22.

Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") – 21.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") –17. (1)

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 16 (6).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru