Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

20:4502.10.2015
0
1006

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2015-nji ýylyň 10—11-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň  Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan sergini geçirýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak  edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler  birleşmesiniň wekillerini, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagtlary:

10-njy oktýabrda sagat 10.00-dan 20.00-a  çenli;

11-nji oktýabrda sagat 10.00-dan 17.00-a  çenli;

Sergi Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýynda ýerleşýän Sergi köşgünde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň