Aşgabatda Halkara saz gününe bagyşlanyp geçirilen konsert uly üstünlige eýe boldy

0
471
2
0

Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Halkara saz gününe bagyşlanyp geçirilen konsert uly üstünlige eýe boldy. Kamera ansambly kafedrasynyň işgärleri tarapyndan guralan konsertiň programmasyna dürli halklaryň kompozitorlarynyň eserleri girizildi.

Konsertde Aram Haçaturýanyň “Ermeni desterhanynyň daşynda”, kompozitor Ernest Blohyň “Ýewreý temalaryna ýanama”, Hamidiniň “Gazak walsy”, Sergeý Rahmaninowyň “Şopeniň walsy”, “Wokaliz” eserleri we beýleki sazlar ýaňlandy. Diňleýjiler Aýna Seýitgulyýewa, Türkmenistanyň at gaznan artisti Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowa öz hoşallyklaryny gyzgyn elçarpyşmalar arkaly beýan etdiler.

Konserte konserwatoriýanyň mugallymlary — belli aýdymçylar we sazandalar bilen bilelikde döredijilik ýoluna ýaňy başlan, muňa garamazdan, gelejege ynamly ädim ädýän Aýbölek Muhyýewa (skripka), Gunça Meläýewa (wokal), Agajan Gýanjimow (wokal) ýaly talyplaryň gatnaşandygy hem bellärliklidir. Çykyşlaryň aglabasynda aýdymçylara hem sazandalara halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Farmazowa sazandarlyk etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru