“Altyn Asyr” bilen “Balkanyň” garaşylan ýeňişleri we “Ahalyň” yzda barýan topardan haýran galdyryjy ýeňlişi

17:5002.10.2015
0
4971

Milli futbol çempionatyň üçünji aýlawyny jemlän 27-nji tapgyrda iň bir haýran galdyryjy waka bolup geçdi. Soňky on tapgyr bäri ýeňiş ýüzüni görmeýän, ýaryş tertibinde soňky orunda barýan “Daşoguz” 2:1 hasabynda medallar ugrunda göreşýän Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahaldan” üstün çykdy. Ahallylar ýaňy-ýaňylar hem Aziýanyň ikinji derejeli klub ýaryşynda — AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edipdi. Bu abraýly yklym ýaryşynda “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary birnäçe ýatda galyjy ýeňişleri, şol sanda AFK-nyň Kubogy — 2014-iň finalçysy Yragyň “Erbiliniň” garşysyna hem iki gezek üstünlik gazanypdy.

Ine, indi bolsa “Ahal” yzda barýan topardan ýeňlip, hünärmenleri haýran galdyrdy. Özem oýnuň dowamynda myhmanlar Eziz Abdyllaýewiň geçiren iki pökgüsinden soň 0:2 hasabynda ýeňlip durdular. Diňe 70-nji minutda Myrat Hamraýew bir jogap pökgüsini geçirdi. Bu oýunda ýene bir ýatda galyjy waka bolup geçdi, öz döwründe “Nebitçide” we “Köpetdagda” çykyş eden belli futbolçymyz Azat Guljagazow emin hökmünde ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek final duşuşygyny hem alanymyzda, bu “Ahalyň” bassyr dördünji ýeňlişidir. Indi topar ikinji orunda barýan “Balkandan” 8 utuk yza galýar.

Altyn we kümüş medallara dalaş edýän “Altyn Asyr” bilen “Balkan” bolsa garaşylan ýeňişlerini gazandylar. Çempionatda ynamly öňdeligi eýeleýän Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Selim Nurmyradowyň bir we Begenç Annagurbanowyň iki goly netijesinde myhmançylykda “Energetikden” üstün çykdy — 3:0. Balkanlylar bolsa öz meýdanynda 4:0 hasabynda “Merwden” rüstem geldiler. Pökgüleri Myrat Ýagşyýew, Aleksandr Boliýan (iki), Amir Gurbany geçirdiler. Bellemeli zat, bu netijeli hüjümçileriň arasynda öňde barýan M. Ýagşyýewiň 23-nji goly boldy.

Bürünç medal ugrunda göreşýän “Aşgabat” bilen “Şagadam” paýtagtda deň oýnadylar — 1:1. Pökgüleriň ikisi hem üýtgeşik geçdi. 21-nji minutda Gahrymanberdi Çoňkaýewiň urgusyndan soň, pökgi paýtagtyň toparynyň goragçysy Rahymberdi Baltaýewiň aýagyndan derwezä girdi. Aradan iki minut geçensoň, Merdan Gurbanow Pirmyrat Gazakowy derwezeçi bilen bir-bire çykardy, ol bolsa pökgini Batyr Babaýewiň aýaklarynyň arasyndan derwezä gönükdirdi.

27-nji tapgyryň HTTU — “Hazyna” duşuşygy Türkmenistanyň Ýaşlar ýygyndysynyň (U-19) Aziýa çempionatyna gatnaşýandygy sebäpli 10-njy noýabra geçirildi.   

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Balkan" – "Merw" – 4:0 (0:0)

29-njy sentýabr. Balkanabat. "sport toplumy". 3 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Aleksandr Boliýan 54, 90+1, Myrat Ýagşyýew 57, Amir Gurbany 72.

Duýduryş alan: Aşyrgeldi Saryýew 48 ("Balkan").

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.

 

"Aşgabat" – "Şagadam" – 1:1 (1:1)

29-njy sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 250 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Pirmyrat Gazakow 23 – Rahymberdi Baltaýew 21 awtogol.

Duýduryş alanlar: Azady Annadurdyýew 22, Rahymberdi Baltaýew 45, Alik Haýdarow 50 – Annageldi Weliýew 87, Ýewgeniý Tkaçenko 87.

Emin: Igor Barabaş.

Duşuşygyň inspektory: Hudaýnazar Rejebow.

 

"Energetik" – "Altyn asyr" – 0:3 (0:3)

30-njy sentýabr. Mary. "sport toplumy". 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Selim Nurmyradow 3, Begenç Annagurbanow 32, 34. 

Duýduryş alan: Ahmet Ataýew 90 ("Altyn asyr").

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Konstantin Korotkow.

 

"Daşoguz" – "Ahal" – 2:1 (0:0)

30-njy sentýabr. Daşoguz. "sport toplumy". 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Eziz Abdullaýew 49, 60 – Myrat Hamraýew 70. 

Duýduryş alanlar: Izzat Hudaýbergenow 57, Rustam Mamedow 90+1 – Ylýas Berenow 90+1.

Emin: Azat Guljagazow.

Duşuşygyň inspektory: Öwezdurdy Gylyçmyradow.

 

27-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 23 (2 – 11 metrlik urgudan ).

Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") – 21.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 20.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") –16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň