Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar

0
151
4
0

1-nji oktýabrda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylyk we durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri “ atly seminar – maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň Adatdan we doly ygtyýarly ilçileri, halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu maslahatda daşary ýurtlaryň ilçileri, halkara guramalaryň wekilleri taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde  Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adamzat bähbitli meseleler boýunça eden çuňňur manyly çykyşynyň ähmiýeti barada özara pikir alyşdylar.

Çykyşlarda bellenilişine görä, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti bilim, sagdyn durmuş ýörelgeleri, gender deňligini gazanmak ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berdi. Daşky gurşaw barada degerli alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň we halkarynyň durmuş – ykdysady tösüşini ýola goýmagyň mümkin däldigini aýtdy. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti şu ýylyň dekabrynda Parižde howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljke sammitde gazanyljak halkara ylalaşygyna gol çekilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň pikiri boýunça, durnukly ösüşiň ykdysady esaslaryny peýdalanmakda halkara bileleşiginiň aýdyň hem-de sazlaşykly işlemegi gymmat bolmadykm, ynamly we häzirki zaman energiýasyna ählumumy elýeterliligi, iş bilen doly üpjün edilmegini, çeýe düzüminiň döredilmegini, durnukly senagatlaşdyrylmagy hem-de maýa goýumlaryny goldamagy gazanmaga ýardam berer.

Bu taryhy çykyşda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň eden dünýä ähmiýetli teklipleri  hemmeler tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Munuň özi türkmen Lideriniň dünýä ýüzünde uly abraý gazanandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru