Gülbadam Babamyratowa Özbegistanyň paýtagtynda başlanan dzýudo boýunça halkara ýaryşynda altyn medaly eýeledi

0
1225
8
0

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyratowa 1-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagtynda başlanan dzýudo boýunça Gran-pri görnüşindäki halkara ýaryşynda altyn medaly eýeledi. Ol Halkara dzýudo federasiýasynyň ýaryşynyň senenamasyna girýän abraýly sport bäsleşikleriniň biridir.

 Daşkentde geçirilen Gran-pri ýaryşlarynda 2016-njy ýylda Rio-de –Žaneýro  (Braziliýa)  şäherinde geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanmany üpjün edýän baýrakly orunlar we ýokary utuklar ugrunda dünýäniň 52 ýurdundan güýçli türgenleriň 355-si gatnaşdy. Olar  200 erkek türgenleriň, 155 bolsa zenan türgenleriň  arasynda geçirilen bäsleşiklerdir.   Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda 52 kilograma çenli agram bäsleşikde çykyş edýän gyrgyzystanly Kseniýa Beldýagina we Türkmenistandan Gülbadam Babamyratowa ýarym finalda duşuşdylar. Türkmen türgeni bu bäsleşikde ýeňiş gazandy.

Lebaply 24 ýaşly halkara derejeli sport ussady final oýunlarynda germaniýaly Mariýa Ertlden “ippon”  bahaly (ýapon söweş sungaty görnüşlerinde türgeniň gazanýan iň ýokary bahasy) arassa we netijeli ýeňşi gazanyp, altyn medala mynasyp boldy. Hünärmenler G.Babamyratowanyň ýeňişli hereketine haýran galandyklaryny bellediler. Türkmen türgeniniň bu emeline teleýaýlymlar arkaly birnäçe gezek tomaşa edildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru