Rüstem Nazarow — Türkmenistanyň iň zehinli ýaş küştçüsi

11:3802.10.2015
0
1222

Ýakynda paýtagtymyzdaky Küşt-şaşka sport mekdebinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň küşt boýunça çempionaty geçirildi. Medallar ugrunda ýetginjekleriň düzüminde ýurdumyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän türgenleriň 16-sy bäsleşdiler. Hormat münberini tutuşlygyna aşgabatly türgenler, özi-de diňe bir halypanyň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň taýýarlan türgenleri  eýelediler.

Mümkin bolan 15 utukdan 13 utuk toplan sport ussady Rüstem Nazarow altyn medal gazandy. Birinji derejeli küştçüler Azat Nurmamedow (10,5 utuk) we Soltan Myradow (10 utuk) ikinji we üçünji orna mynasyp boldy.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda hem S.Annaberdiýewiň türgenlerine ýeňiş üçin az-owlak şowlulyk ýetmedi. Bu ýerde küştçi gyzlaryň 11-si çykyş etdi. Şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebine wekilçilik edýän gyz, sport ussatlygyna dalaşgär Tawus Baýramsähedowa mümkin bolan 10 utukdan 8 utuk toplap, kümüş baýragynyň eýesi boldy.

Gyzlaryň arasyndaky ýeňşi bolsa  Mary welaýatynyň toparyndan birinji derejeli küştçi Maýa Ýalkanowa gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan küştçi gyz 9 utuk toplap, 64 öýjükli tagtaçada ýaryşlaryň barşynda hiç hili ýeňlişe sezewar bolman, ýeňiş gazandy. Bürünç medala hem Murgap jülgesiniň küştçüsi Gülälek Abdyllaýewa (7 utuk) eýe boldy. 

Oktýabryň ortalarynda Küşt-şaşka sport mekdebinde ikinji we üçünji derejeli türgenleriň hem-de küşt söýüjileriň arasynda milli ýaryşlaryň ýene-de biri geçiriler. Türkmenistanda gadymy akyl-paýhas oýnuny wagyz etmek we geljekde ösdürmek maksady bilen guraljak bu ýaryşa islendik adam gatnaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň