Türkmen türgenleri köpugurly söweş sungaty we kikboksing boýunça dünýä ýaryşlarynda 18 medaly eýelediler

10:4501.10.2015
0
1163

Geçen hepde söweş sungaty bilen meşgullanýan türkmen türgenleri üçin baýraklara baý hepde boldy. Türgenlerimiziň köpugurly söweş sungaty we kikboksing boýunça dünýä ýaryşlarynda şowly çykyş edip, medallaryň 18-sini eýeläp, Watanymyza dolanmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

21—26-njy sentýabrda Russiýanyň Medyn şäherinde ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilen köpugurly söweş sungaty boýunça dünýä ýaryşlaryna 23 ýurtdan saýlama türgenler gatnaşdylar. Şonda Aşgabadyň mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylaryň 5-si Türkmenistana wekilçilik etdiler.  Olaryň her biri “laýt” we “nusgawy” bölümlerinde çykyş edip, kümüş we bürünç medallary eýelediler.

Şeýlelikde, Aşgabatdaky  6-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Amirşa Kabulow 50 kilogram agram derejede, “laýt” ugry boýunça dünýäniň güýçli türgenleri bilen göreşip, üçünji orny eýeledi. “Nusgawy” görnüşinde bolsa ol ikinji orna mynasyp boldy. Şol mekdebiň ýene bir okuwçysy Ylýas Berdigylyjow 55 kilogram agram derejede çykyş edip, “laýt” bölüminde ikinji, “nusgawy” bölüminde bolsa üçünji orna düşüp, degişlilikde kümüş we bürünç medallara mynasyp boldy. 69-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Meýlis Kiçikakaýew 60 kilogram agram derejede çykyş edip, edil şunuň ýaly netije gazandy.

70-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 65 kilogram agram derejede çykyş edýän Enwer Kiçikakaýew we  70 kilogram agram derejede çykyş edýän Begençmyrat Myradow dünýä çempionatynda sport hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Olaryň birinjisi “laýt” görnüşinde kümüş medala, “nusgawy” görnüşde bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Ikinji türgen “laýt” görnüşinde bürünç, “nusgawy” görnüşde bolsa kümüş medallary eýeledi.

Dünýä  birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda türkmen türgenlerijemi 10 medal — 5 kümüş we 5 bürünç medal eýelediler.

... Kikboksing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlar hem türkmen türgenleri üçin netijeli boldy. Bu iri halkara bäsleşigi şu ýylyň 22—27-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Anapa şäherinde geçirildi. Oňa 23 döwletden saýlama türgenler gatnaşdy. Biziň ýurdumyzdan bu ýaryşa 8 türgen gatnaşdy we olaryň her biri Watanymyza medally dolandylar.

Türkmenistanly türgenler 3 kümüş we 5 bürünç medal eýeläp, Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň