Türkmenistanyň Prezidentiniň sammitiň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça eden çykyşy işewür toparlarda uly seslenme döretdi

0
1530
0
0

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde dünýä jemgyýetçiliginiň nazary ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine gönükdi. Ol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitiň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça eden çykyşy işewür toparlarda uly seslenme döretdi.

Milletiň Lideri öz çykyşynda Türkmenistanyň täze ählumumy Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek boýunça ara alnyp maslahatlaşylýan hem-de anyk teklipler barada esasy ugurlardaky durmuş ulgamyna gönükdirilen garaýşyny mälim etdi.

Milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisine gatnaşmagy ähmiýetli waka bolup durýar. Onuň barşynda diňe bir geljek 15 ýylyň möhüm wezipeleri kesgitlenmän, eýsem, BMG-niň 70 ýyllyk işiniň jemi jemlenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde dürli forumlar, duşuşyklar, interaktiw gepleşikler we ählumumy Gün tertibiniň dürli ugurlaryny maksat edinýän tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Bu çärelere Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. BMG-de geçirilen duşuşyklaryň möhüm ugurlary boýunça maglumat almak üçin TDH-niň habarçysy şeýle duşuşyklaryň birine gatnaşyjy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen AÝdogdyÝewe ýüz tutdy.

— Birleşen Milletler Guramasy we onuň agzalary BMG-niň 70 ýyllyk ýubileýini diňe bir baýramçylyk etmek üçin sebäp däl, eýsem, bu guramany parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmek ýaly üç sany möhüm wezipeleriň has talap edilýän we netijeli çözgüdini tapýan gurama öwrülmeginiň mümkinçiligi hökmünde garaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde 2000-nji ýylda kabul edilen “Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň” jemleri jemlendi we adamzat medeniýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze maksatlar işlenip taýýarlanyldy.

2000-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Müňýyllygynyň jarnamasynyň esasynda kabul edilen 8 maksat we 21 wezipe garyplygyň azalmagyna we çaga ölüminiň peselmegine, epidemiýa ýokanç keseller bilen göreşmäge we beýlekilere gönükdirilipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ösüş boýunça sammitde eden çykyşynda belleýşi ýaly, Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmegiň maksatnamasynda goýlan binýat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça täze ylalaşylan Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin pugta esasa öwrüler.

Işlenip taýýarlanylan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmegiň Gün tertibi BMG-ä agza döwletleriň üç ýyllyk gepleşikleriniň jemine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu wezipeler parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, garyplygyň aradan aýrylmagyna, deňsizligiň we adalatsyzlygyň garşysyna göreşmäge, ýokary hilli bilimiň we daşky gurşawyň goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň sammitinde dünýä Liderleriniň arasynda ilkinji bolup maksatnamalaýyn çykyş etdi. Milletiň Lideri çykyşynda bu maksatlara ýetmegiň ýoly baradaky öz garaýşyny mälim etmek bilen bir hatarda, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk Ýol kartasyny teklip etdi. Bu teklipler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly ruhubelentlik we hoşallyk bilen kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy we dolandyryjysy hanym Helen Klark we birnäçe döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly başlangyçlarynyň durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm bölegine öwrülendigini bellemeli. Munuň özi diňe bir dünýä bileleşiginiň mynasyp ösüşini üpjün etmegiň möhümdigini tassyklaman, eýsem, milletiň Lideriniň milli, sebitleýin we ählumumy ösüşiň meselelerine giň möçberli we öňdengörüjilikli çemeleşmelerini beýan edýär.

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň BMG-niň Baş sekretarynyň aragatnaşyk we jemgyýetçilik maglumaty boýunça orunbasary hanym Kristina Gallah we BMG-niň Sekretariatynyň maglumat-wagyz ediş bölüminiň direktory jenap Maher Nasser bilen duşuşyklary boldy. Olaryň barşynda BMG bilen ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Akademiki toparlar bilen özara gatnaşyklar” boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol BMG-niň Baş sekretarynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen duşuşykda gazanan meseleleriniň biri bolup durýar.

Şunuň ýaly başlangyçlara gatnaşylmagy uniwersitetlere talyplaryň we jemgyýetiň öňünde bir bitewi medeni aň-bilim jogapkärçiligini kemala getirmek maksady bilen, çäreleri guramak hem-de barlaglary alyp barmak ugrunda işjeň zähmet çekýän alymlaryň ösen ulgama agza bolmak artykmaçlygyny berýär. Ýokary hilli bilimiň üpjün edilmegi durnukly ösüşiň maksatlarynyň biri bolup durýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň ulgamynyň BMGÖM, ÝUNESKO, ÝUNISEF ýaly guramalary bilen bilelikde ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilimi gazanmak boýunça halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde üstünligiň esasy şerti hasaplaýar.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň agzalary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Düzüminiň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini artdyrmak (“BMG—Zenanlar”) meseleleri baradaky Ýerine Ýetiriji direktory hanym Fumzile Mlambo-Ngkuka bilen duşuşyklary geçirdiler. Olarda taraplar gender deňligini üpjün etmegiň meseleleriniň durnukly ösüş boýunça Gün tertibinde öz ornuny tapandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň zenanlara we gyzlara bilime, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatyna, mynasyp işe, syýasy we ykdysady çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyna elýeterliligi üpjün etmek boýunça milli we sebitleýin derejede öňdäki orny eýeleýändigi bellenildi. Duşuşykda BMG bilen 2015—2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammiti geçirmegiň barşynda gender deňligi meselelerine birnäçe çäreleriň bagyşlanandygyny bellemeli. Şeýle çärelere işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan ýurduň Prezidentiniň sammitde eden çykyşynda öz beýanyny tapan esasy ýörelgelerden ugur aldy. Has takygy, gender deňligi ösüşiň ählumumy strategiýasynyň möhüm şerti bolup durýar.

25-nji sentýabrda “BMG — Zenanlar” düzümi tarapyndan “Deňsizlige garşy göreş, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak” mowzugynda ýokary derejedäki Interaktiw gepleşik geçirildi. Bu çärä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanyň bu ulgamdaky milli syýasaty we ýetilen sepgitler barada duşuşyga gatnaşyjylary tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Dünýä liderleri. Gender deňligi we Zenanlaryň hukuklarynyň, mümkinçilikleriniň giňeldilmegi boýunça: hereketlere ygrarlylyk” ady bilen geçirilen ýokary derejedäki çärä gatnaşdy. Ol BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça guraldy. Duşuşykda 80-den gowrak döwlet Baştutanlary gender deňligi ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, çözgütleri kabul etmegiň ähli derejesinde zenanlar üçin zerur şertleri üpjün etmek, aýallar babatda kemsitmeleri we zor salmalary şertlendirýän durmuş meselelerini aradan aýyrmak boýunça ählumumy çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 1964-nji ýyldan bäri BMG-niň çäklerinde hereket edýän we ösüp barýan döwletleriň iň iri birleşmesi bolup durýan “77 topar+Hytaý” duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistan BMG-niň, şol sanda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň çäklerindäki durmuş-ykdysady we gumanitar meseleler boýunça Gün tertibiniň döwletleriniň bir bitewi garaýşynyň işlenip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşýar.

Şu topara agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň BMG-niň ştab-kwartirasynda 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde 77 toparyň durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň gepleşikleriniň we ony ylalaşmagynyň barşyna gatnaşmagy sammitiň jemleýji resminamasynda ösüp barýan döwletleriň esasy gyzyklanmalarynyň doly hasabyny äşgär etmek mümkin boldy. “77 topar+Hytaý” duşuşygynda sammitiň jemleýji resminamasyny milli, sebitleýin we ählumumy derejelerde durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Durnukly ösüş üçin durmuş sazlaşygy: hoşniýetlilik döwründe birek-birege düşünişmegiň we hormat goýmagy öňe ilerledip” diýen mowzukda Watikanyň, Iordaniýanyň we Albaniýanyň wekiliýetleriniň başlangyjy boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşmagy milletara sazlaşygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Oňa gatnaşyjylar adamlaryň etniki, dini we dessur aýratynlyklaryna milli we döwletara derejede hormat goýulmagy jemgyýetiň durmuş sazlaşygynyň zerur şerti bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri “Durnukly ykdysady ösüşe, durnukly sarp edişi we önümçiligi özgertmäge hem-de ony höweslendirmäge ýardam bermek” ýaly 26-njy sentýabrda geçirilen duşuşyga gatnaşdylar. Oňa BMG-ä agza döwletlerden başga-da, dürli halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşyp, durnukly ösüşiň 17 maksadynyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Bu ýerde bellenilişi ýaly, 2030-njy ýyla çenli ähli maksatlar deň derejede amala aşyrylar. Gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren we halkara bileleşigi tarapyndan örän oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn häsiýetli diýlip ykrar edilen durnukly ösüşiň ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly üç ugurlary öz beýanyny tapdy.

2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça geçirilen sammitiň barşynda “2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüşiň Gün tertibinde Azyk howpsuzlygy” ady bilen duşuşyk geçirildi. Oňa agza döwletleriň wekilleri Ýer ýüzünde açlygy aradan aýyrmak, iýmitiň hilini gowulandyrmak, ekoulgamy we biologik köpdürlüligi saklamak we oba hojalygyny ösdürmek boýunça öz tekliplerini öňe sürdüler. Azyk howpsuzlygynyň suw, energiýa, howa, sarp ediş hem-de önümçilik bilen arabaglanyşygy barada aýdyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak hakyndaky teklibiniň möhümdigi hem-de onuň durnukly ösüş maksatlarynda aýratyn seredilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşan çäreleriniň hatarynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin tehnologiýalary ilerletmegiň usullaryny herekete girizmek” ýaly duşuşyk bar. Ol ösen döwletleriň ösüp barýan ýurtlara az maliýe çykdajylary we daşky gurşawy goramak, ekologiýany gowulandyrmak wezipelerini nazara almak bilen, ykdysady ösüş gazanmaklary üçin ýokary tehnologiýalary bermek hakynda boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi, has takygy, Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi baradaky Sebitleýin merkezi döretmek hakyndaky başlangyjynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu merkez sebitleýin tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdiriler we tebigy betbagtçylygyň howpuny azaltmakda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň möhüm guralyna öwrüler. Durnukly ösüş boýunça sammitde döwlet Baştutany Gurbanguly
Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň BMGÖM bilen bilelikde 2016-njy ýylda şeýle merkeziň Aşgabatda döredilmegi boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady.

Nýu-Ýorkda geçirilen çäreleriň ýene biri “Durnukly ösüşiň suw bilen baglanyşykly Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we oňa ýetilmegini höweslendirmek” mowzugyndaky çäredir. Haçan-da, adamzat arassa agyz suwunyň ýetmezçiligini has-da ýiti duýanda, oňa ýetmegiň parahatçylykly ýoluny tapmagy we döwletleriň gülläp ösmegi üçin strategik ähmiýetiniň bolmagy suw serişdeleriniň netijeli peýdalanmagyny, olaryň hapalanmagynyň azaldylmagyny, ykdysady işde suwuň netijeli peýdalanylmagyny, milli we sebitleýin derejede toplumlaýyn dolandyryşy, şeýle hem jedelli meseleleriň çözgüdiniň kabul ederlikli usulynyň işlenip taýýarlanmagyny baş wezipe hökmünde öňe çykarýar.

Bu babatda Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Milli derejede “ýaşyl ykdysadyýetiň” döredilmegine gönükdirilen tebigy serişdelerden peýdalanmagyň täze ýokary tehnologiýaly görnüşini ornaşdyrmak boýunça ählumumy syýasat durmuşa geçirilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti “Aziýanyň Ýüregi—Stambul prosesi” mowzugynda ýokary derejede geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Onda howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygy atdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bitaraplyk nukdaýnazaryndan jedelli meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegini esasy ugur edinýär we BMG-niň howandarlygynda owganara parahatçylykly gepleşikleriň geçirilmegi üçin syýasy giňişlik bermäge taýýardyr. Mundan başga-da, milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi TOPH gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň, şeýle hem goňşy ýurtda senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyndan ybaratdyr. Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ynsanperwer kömegiň yzygiderli ugradylmagy we başga-da köp sanly çäreler döwletimiziň Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýokary gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň netijeleri hem-de onuň geljegi babatda geçirilen duşuşyklaryň we çäreleriň jemini jemlemek bilen, esasy ýagdaýy bellemeli. Munuň özi bitaraplyk ýörelgelerine pugta daýanýan we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty diňe bir ýurdumyzda parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, doly derejeli ykdysady ösüş üçin amatly şertleri emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, adamzadyň ählumumy meseleleriniň çözülmegine ýardam berýär.

Türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllyk taryhy, bu hukuk derejäniň diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goraman, eýsem, onuň durnukly ösüş boýunça ählumumy maksatlara ýetmekde dünýä bileleşigi bilen işjeň gatnaşyklary üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru