Soňky habarlar

Arhiw

“Balkan” balkan derbisinde ýeňiş gazanyp, kümüş medal eýelemäge mümkinçiligini artdyrdy

18:4130.09.2015
0
5142

Maryda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 26-njy tapgyr tamamlandy.

Ilki Maryda oýun tamamlandy, ol ýerde ýaryş tertibindäki “goňşular” — “Merw” bilen HTTU duşuşdy. Şu ýyl Murgabyň boýunda bolan topar üçin HTTU amatsyz garşydaş bolup durýar. Şu möwsümde toparlar iki gezek duşuşsalar-da, “Merw” olaryň hiç birinde ýeňiş gazanyp bilmedi. Birinji aýlawda öz meýdanlarynda B. Alamowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik urgusyndan soň ýeňlişden halas boldular, ikinji aýlawda bolsa myhmançylykda 0:1 hasabynda asgyn geldiler.

Üçünji aýlawyň duşuşygy ýer eýeleri üçin şowly başlandy. 9-njy minutda HTTU-nyň goragçysy Akmyrat Jumanazarow pökgini atdanlykda öz derwezesine geçirensoň, “Merw” öňe saýlandy. Ýöne birinji ýarymyň ortalaryna Döwletmyrat Döwletmyradow hasaby deňledi. Arakesmä golaý myhmanlaryň derwezeçisi Nurgeldi Astanow öz jerime meýdançasynda Arslan Ýusupowy ýykdy. Begenç Alamow 11 metrlik urgudan ýene-de ýer eýelerini öňe çykardy — 2:1. Ýöne ýeňiş hasabyny saklamak başartmady. 50-nji minutda Pirmyrat Sultanow hasaby deňläp, oýunda gutarnykly nokady goýdy — 2:2.

Beýleki duşuşyklaryň ikisi-de bir wagtda başlady. Türkmenbaşyda balkan derbisinde “Şagadam” bilen “Balkan” duşuşdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri çempionatyň kümüş medaly ugrunda göreşýän bolsalar, Amanmyrat Meredowyň topary erjellik bilen üçlüge düşmäge ymtylýar. Toparlaryň arasynda birinji we ikinji aýlawlarda bolan duşuşyklar deňlikde tamamlanypdy (Türkmenbaşyda — 2:2, Balkanabatda 1:1)..

Üçünji duşuşygyň hem esasy wagtynda hasap açylmady. Haçan-da, emin tarapyndan goşulan wagtyň birinji minuty başlananda Serdaraly Ataýew pökgini sag gyradan Aleksandr Boliýana geçirdi, ol bolsa ony golaý aralykdan derwezä gönükdirip, “Balkana” ýeňiş getirdi — 1:0.

Munuň tersine, paýtagtda “Ahal” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşyk diýseň netijeli tamamlandy. Toparlar şu ýyl iki gezek duşuşyp, olarda “Ahal” ýeňiş gazanypdy (öz meýdanynda 1:0, myhmançylykda 3:1). Bu gezek welin “Aşgabat” garşydaşy bilen haklaşyp, ynamly ýeňiş gazandy — 5:3.

Eýýäm 4-nji minutda öz döwründe milli ýygyndyda we “Köpetdagda” çykyş eden belli futbolçymyz Aman Annadurdyýewiň ogly - Azady Annadurdyýew hasaby açdy. Bu gulluk borjuny berjaý edip gelensoň, 3-nji aýlawda “Aşgabadyň” düzüminde goşulan ýaş oýunçynyň çempionatdaky ilkinji pökgüsidir. Aradan 6 minut geçip-geçmän Berdi Şamyradow hasaby artdyrdy — 2:0. 21-nji minutda “Ahalyň” iň netijeli oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew bir jogap pökgüsini geçirdi. Bu onuň şu çempionatdaky 20-nji goludyr. Şondan soň, ur-tut B. Şamyradow tapawutlanyp ýene-de aratapawudy iki pökgi ýetirdi.

Ikinji ýarymda garşydaşlaryň hersi bir pökgi geçirdi. Bellemeli zat, milli ýygyndymyzyň hüjümçisi, 33 ýaşly Berdi Şamyradow ýene bir gol geçirip, het-trik etdi. Häzir ol netijeli hüjümçileriň arasynda 16 pökgi bilen dördünji ýere geçdi.

Şu ýeňişden soň, “Aşgabat” dördünji orna galdy. Bassyr ikinji gezek ýeňlen “Ahal” bolsa indi ikinji orunda barýan “Balkandan” 5 utuk yza galýar.          

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Merw" – HTTU – 2:2 (2:1)

26-njy sentýabr. Mary. "Sport toplumy". 2 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Akmyrat Jumanazarow 9 (awtogol), Begenç Alamow (11 metrlik urgudan) 42 – Döwletmyrat Döwletmyradow 25, Pirmyrat Soltanow 50.

Duýduryş alanlar: Akmyrat Jumanazarow 32, Nurgeldi Astanow 38, Begenç Seýitmämmedow 40, Wezirgeldi Ylýasow 48 (hemmesi – HTTU)

Emin: Ruslan Ereşow

Duşuşygyň inspektory: Geldi Öwezow.

 

"Ahal" – "Aşgabat" – 3:5 (1:3)

26-njy sentýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadion. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Altymyrat Annadurdyýew 21, Begli Meredow 76, Rahmet Şermetow 86 – Azady Annadurdyýew 4, Berdi Şamyradow 10, 22, 78, Ruslan Serazutdinow 51.

Duýduryş alanlar: Begli Meredow 83 – Nazar Baýramow 45.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

 

"Şagadam" – "Balkan" – 0:1 (0:0)

26-njy sentýabr. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadion. 300 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Aleksandr Boliýan 90+1.

Duýduryş alan ýok.

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

 

26-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 22 (2 – 11 metrlik urgudan ).

Süleýman Muhadow ("Altyn Asyr") – 21.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 20.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") –16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 15 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň