Soňky habarlar

Arhiw

Igor Makarow: “Türkmenistanda özara bähbitli şertlerde işlemek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredilendir”

15:5130.09.2015
0
3302

ARETI halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti Igor Makarow:

—Biziň kompaniýamyz eýýäm 25 ýyl bäri Türkmenistanda işläp gelýär. Dostlukly döwletde iş alyp barmaga döredilen şeýle ajaýyp şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Biz öz işimiz bilen Türkmenistana hemişe peýdaly bolmaga, ýurduň ösmegine özara bähbitli şertlerde goşant goşmaga çalyşýarys.

Dünýäde çökgünlik ýagdaýynyň dowam edýändigine garamazdan, biz Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky nebitgaz ýataklaryny ösdürmek boýunça uzak möhlete niýetlenen köpýyllyk meýilnamalary batyrgaýlyk bilen öňe sürýäris. Men Londonda geçirilýän “Türkmenistanyň nebitgaz pudagy — maýa goýumlary üçin mümkinçilikleri” atly maslahatyň işine gatnaşmaga we dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşlerim bilen pikir alyşmaga mümkinçiligiň dörändigine örän şat.

Pursatdan peýdalanyp, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine öz hoşallygymy bildiresim gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň