Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

0
779
0
0

Hormatly Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek, türkmen jemgyýetinde höküm sürýän durnuklylygy, asudalygy, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny hem-de döwletimiziň milli bähbitlerini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Türkmenistany dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Bu ugurda kabul eden milli maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmek boýunça alyp barýan syýasatynyň netijesinde, eziz Watanymyzyň halkara abraýy hem barha artýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde öňe süren başlangyçlarymyzyň giň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredendigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Hormatly Watan goragçylary!

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan ýene-de bir gezek biragyzdan goldanylmagy, şeýle hem «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy eziz Watanymyzyň ösüşinde şanly wakalar bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki döwürde öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin döwlet syýasatymyzyň we halkara başlangyçlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletimiziň milli howpsuzlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurdumyzyň beýleki hukuk goraýjy we harby edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerinden hem ýokary hünär taýýarlygyny, yhlasly zähmeti we hemişe hüşgär bolmagy talap edýär.

Hormatly milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri!

Siziň alyp barýan jogapkärli işleriňiz ata Watanymyzyň, bagtyýar raýatlarymyzyň, abadan jemgyýetimiziň howpsuzlygyny, berkarar döwletimiziň konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini we milli bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Mukaddes borjuňyzy birkemsiz ýerine ýetirmek üçin, siz beýleki hukuk goraýjy we harby edaralaryň işgärleri bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyzyň asudalygyny, raýat jebisligini ygtybarly goraýarsyňyz, terrorçylyga, ekstremizme, kontrabanda, ykdysady jenaýatlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barýarsyňyz. Häzirki taryhy eýýamda siziň döwrüň talabyna laýyklykda alyp barýan bu işleriňize mynasyp baha berýäris.

Biz Watan goragçylary barada hemişe alada edýäris. Şoňa görä-de, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işini kämilleşdirmäge we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe kanunlary kabul etdik. Ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýduk, gulluk, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalary we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga berdik. Biz bu işleri geljekde-de yzygiderli dowam etdireris. Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Watan goragçylary üçin ýokary derejeli «Merdana» myhmanhanasynyň, şu gün bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň döwrebap edara binalar toplumynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi siz barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr.

Merdana harby gullukçylar!

Siz özüňiz barada edilýän aladany duýup, mukaddes işiňizde — Watan goragynda şöhratly taryhymyzda ebedilik yz goýan, mertlikde, batyrlykda, gaýduwsyzlykda, edermenlikde at-owazasy dünýä dolan ata-babalarymyzyň nusgalyk göreldesine gyşarnyksyz eýermelisiňiz. Olaryň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmelisiňiz! Şu belent maksadyň hatyrasyna, milli howpsuzlygy üpjün etmekde ata-babalarymyzdan gelýän milli taryhy ýörelgelerimiz bilen öňdebaryjy dünýä tejribesini sazlaşykly utgaşdyryp, çuňňur özleşdirmelisiňiz, irginsiz zähmet çekip, hünär we beden taýýarlygyňyzy kämilleşdirmelisiňiz, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmalysyňyz, her bir ädimiňizde döwletimiziň milli bähbitlerinden ugur almalysyňyz! Siziň her biriňiziň öz öňüňizde durýan bu belent wezipelere abraý bilen hötde geljekdigiňize, eziz Watanymyzyň asudalygyny, mähriban halkymyzyň agzybirligini gorap saklamak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza berk ynanýaryn!

Hormatly Watan gerçekleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru