Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

02:3030.09.2015
0
5086

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş zehinleri!

Berkarar Watanymyzyň bagtyýar körpeleri!

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Merdana halkymyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygynyň, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygynyň şanly baýramlaryna guwanç we buýsanç duýgulary, ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlanýan, özboluşly öwüşgini bilen tapawutlanýan milli medeniýetimiziň halkara derejesinde giňden dabaralanýan Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda hem, däp bolşy ýaly, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet derejesinde geçirilen jemleýji tapgyrynda eden çykyşlary şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralaryna aýratyn bezeg berýär. Siziň ähliňizi bu ajaýyp sungat we döredijilik baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, okuwda, aýdym-saz äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Bagtyýarlyk zamanamyzyň saýrak bilbilleri!

Siziň şirin owazly aýdym-sazlaryňyzda bagtyýar çagalygyň, joşgunly ýaşlygyň belent ruhy ýaňlanýar. Sungat äleminiň ýaş zehinleri bolan siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan aýdym-sazlarda ösüşlere beslenýän ata Watanymyz, keremli topragymyz, bagtyýarlyk döwrümiz, merdana halkymyz, gözel tebigatymyz belentden wasp edilýär. Siziň joşgunly çykyşlaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýginiň we wepalylygyň belent nusgasydyr.

Watansöýüjiligi we ynsanperwerligi dabaralandyrýan hoş owazly aýdym-sazlaryňyz ýüreklerimize egsilmez şatlyk we joşgun paýlaýan özboluşly gudratdyr.

Ýaş kalbyňyzdan joşup çykýan hoş owazly aýdym-sazlaryňyz ylham çeşmesi bolup duýulýar. Siziň jadylaýjy owazyňyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy wasp edýän, ýurdumyzyň we halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan täsin sungatdyr! Çagalaryň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigine uly orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan döwletimiziň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Zehinli, başarnykly, beden taýdan sagdyn we belent ahlakly nesiller Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Siziň merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer däplerine eýerip, milli medeniýetimize, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, yhlasyňyz bilen agzybirligi, dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygymyzy wasp etmekde ýiti zehiniňizi görkezjekdigiňize berk ynanýaryn!

Mähriban ýaş zehinler!

Bagtyýar körpeler!

Sizi Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, geljekde hem Watanymyzyň we halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermekde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Siziň berkarar Watanymyzy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazlaryňyz, joşgunly aýdym-sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň